Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demokratlar Trampa garşy açylan işi tamamlap, Senatyň ony ýazgarmagyna çagyrýarlar


“Biz sizden prezident Trampy onuň doly günäkär bolan jenaýatynda günäkärlemegiňizi sadyklyk bilen haýyş edýäris” diýip, Wekiller palatasynyň impiçment müdiri Jo Neguse aýtdy.  

Wekiller öýüniň demokratlary öňki prezident Donald Trampa garşy açylan işi tamamlady we senatorlaryň ony Kapitol binasyna edilen köpçülikleýin hüjüme meçew bermekde günäkärlemegine çagyrdy.

Wekiller öýüniň impiçment dolandyryjylary prokuror hökmünde çykyş edip, 11-nji fewralda ikinji delil gününi ulandylar we Trampyň saýlaw baradaky ýalan we ýangynly çykyşlarynyň onuň tarapdarlarynyň Kapitol binasyna hüjüm etmeklerine sebäp bolandygyny öňe sürdiler.

“Biz sizden prezident Trampy onuň doly günäkär bolan jenaýatynda günäkärlemegiňizi sadyklyk bilen haýyş edýäris” diýip, Wekiller palatasynyň impiçment müdiri Jo Neguse aýtdy.

"Sebäbi şeýtmeseňiz, muny bolmadyk ýaly etsek, - ýa has ýamany, biz bu işi hiç bir gaýtawulsyz goýsak – bu ýene şeýle bolmaz diýip kim aýdyp biler?" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Impiçment işiniň esasy dolandyryjy wekili Jeými Raskin 100 senatory "sagdyn pikiri" ulanmaga we Trampy günäkärlemäge çagyrdy.

Trampyň aklawçylary 12-nji fewraldan başlap goranmak üçin berilýän 16 sagat wagtlaryny alarlar, ýöne kömekçiler argumentlerini bir günde hem jemläp biljekdiklerini aýdýarlar.

Senatdaky ses berişlik 13-nji fewraldan gijikmän hem geçirilip bilner.

Deň derejede bölünen Senatda senatyň demokratlaryna öňki prezidenti çozup girmäge öjükdirmekde günäkärlemek üçin zerur bolan üçden iki köplügini gazanmaga azyndan 17 respublikan gerek bolar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG