Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmä basylan hytaý aklawçysy abraýly adam hukuklary baýragyna mynasyp boldy


Ýu Wenşen
Ýu Wenşen

Düýbi Ženewada ýerleşýän Martin Ennals gaznasy dördünji gün guralan onlaýn dabarasynda hytaýly aklawçy Ýu Wenşeni her ýylda adam hukuklaryny goraýjylara berilýän global baýragyň ýeňijisi diýip yglan etdi.

54 ýaşly Ýu adam hukuklary boýunça birnäçe ýokary derejeli iş bilen on ýyl meşgullanandan soň, 2018-nji ýylda türmä basyldy.

Onuň iň tanymal müşderisi 2015-nji ýylda adam hukuklaryny goraýjylara garşy geçirilen uly basyp ýatyrmalar wagtynda tussag edilen aklawçy kärdeşi Wan Kuanžaňdy.

Aklawçylyk işinden başga, Ýu Hytaýda konstitusiýa we kazyýet üýtgetmelerini, şol sanda köp partiýaly ulgamyň ornaşdyrylmagyny we ölüm jezasynyň ýatyrylmagyny goldap çykyş etdi.

Hytaýyň sebit ýokary kazyýeti 2020-nji ýylyň dekabrynda onuň dört ýyl azatlykdan mahrum edilmegini dogry tapdy we, onlaýn dabarasynda baýragyny kabul eden aýalynyň sözlerine görä, şondan bäri tussagyň nirededigi belli däl.

Bu baýraga hödürlenen we finala çykan üç kandidatyň arasynda Azatlygyň ozalky habarçysy Soltan Açylowa hem bardy.

XS
SM
MD
LG