Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Resmiler: Owganystandaky hüjümlerde bäş polisiýa işgäri öldürildi, 12 adam ýaralandy 


Kabul, 9-njy fewral, 2021.

Owganystandaky iki hüjümde azyndan bäş polisiýa işgäri öldürildi we 12 adam ýaralandy diýip, resmiler 13-nji fewralda habar berdi.

“Talybanyň” janyndan geçen hüjümçisi Owganystanyň günortasyndaky Kandahar welaýatynyň howpsuzlyk barlag nokadynyň golaýynda awtoulag bombasyny ýaryp, 12 polisiýa işgärini ýaralady diýip, Içeri işler ministrligi aýtdy.

Ministrligiň metbugat wekili Tarik Arian hüjümçiniň Kandagaryň Arghandab etrabynda ýerleşýän barlag nokadyna ýetmezinden ozal bilnendigini we nyşana alnandygyny aýtdy.

Mundan başga, öten agşam gündogar Kunar welaýatynyň Çapa Dara etrabynda edilen hüjümde bäş polisiýa işgäri öldürildi diýip, welaýat geňeşiniň agzasy Muhammad Sapaý aýtdy.

Bu hüjümler, Günbatar tarapyndan goldanýan hökümet bilen “Talybanyň” arasynda parahatçylyk ugrunda alnyp barylýan tagallalara garamazdan, Owganystandaky zorlugyň ep-esli artan wagtynda amala aşyryldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG