Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aňlara siňen sungat eserleri


"Gelin" çeper filminden bir sahna.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany aňlarda galan we ýüreklere ornan üstünlikli türkmen döredijilik işlerinden söz açýar.

Öz işine ussat sungat işgärleriniň, kämil ýazyjy-şahyrlaryň, labyzly aýdymçylaryň, sazandarlaryň, zehinli suratkeşleriň, talantly heýkeltaraşlaryň üstünlikli döredijilik işleri aňlarda galýar, ýüreklere ornaýar. Olaryň döreden sungat eserleri köp ýyllyklaryň dowamynda halklaryň süňňüne siňýär, ruhlara aralaşaýar. Hüwdüler, monjugatdylar, läleler we beýleki halk döredijilik işleri hem milli ruhy taraşlaýar, timarlaýar, beýik şahsyýetleriň ýiti zehinlerine gönezlik bolýar.

Gallaçy daýhan orakdan aryp, bilini ýazan wagty haýsydyr bir aýdyma hiňlenýär. Şol aýdym haýsy aýdym!?

Iki ýaş juwan birek-bireke duýýan söýgi-mähirini ussat şahyryň söýgi setirleri bilen keşdeleýär, beýan edýär. Şol goşgy haýsy goşgy!?

Kino sungaty barada pikir alyşýan, söhbet edýän, haýran galýan iki türkmen haýsydyr bir kino barada pikir alyşmakdan lezzet alýar. Şolar haýsy kinolar!?

Galereýa ýa-da muzeýe baryp, sungat işlerini synlaýan ýaş ýigit, owadan gözel döredijilik söýgüsi bilen sünnälenip nagyşlanan suratyň lezzetinden ganyp bilmeýär. Şol ýüreklerde jaý tapan jadyly surat haýsy surat, ol haýsy suratkeşiň eseri?

Dünýä Türkmenleriniň bu sany aňlarda galan we ýüreklere ornan üstünlikli türkmen döredijilik işlerinden söz açýar. Gepleşigimize ýazyjy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.

Aňlara siňen sungat eserleri
please wait

No media source currently available

0:00 0:14:59 0:00

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG