Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tihanowskaýa žurnalistleriň, hukuk goraýjylaryň öýlerinde alnyp barylýan gözlegleri ýazgardy


Belarus oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa

Belarus oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa ýurt boýunça žurnalistleriň we adam hukuklaryny goraýjylaryň öýlerinde alnyp barylýan köpçülikleýin gözleg işlerini ýazgardy.

16-njy fewralda ýurduň paýtagty Minskde we beýleki şäherlerinde polisiýa we howpsuzlyk gulluklary žurnalistleriň, hukuk goraýjylaryň we olaryň garyndaşlarynyň azyndan 25 öýünde gözleg geçirdiler.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Wýasna” toparynyň Minskdäki edarasynda, şeýle-de Belarus Žurnalistleriniň Assosasiýasynyň baş binasynda hem gözleg geçirildi.

Tihanowskaýa beýanat ýaýradyp, onda žurnalistleriň we hukuk goraýjylaryň arasyndan “jenaýatçylary” tapjak bolýanlaryň, asyl jenaýatçylary öz aralaryndan gözlemegi maslahat berdi.

Tihanowskaýa adamsy prezidentlik saýlawlarynda hasaba durjak bolanda tussag edilenden soňra, prezidentlik saýlawlarynda dalaş edipdi. Saýlawlaryň yzy bilen, ol howpsuzlyk aladalary sebäpli, ýurdy terk edip, Litwa aşypdy.

Diýdimzor Aleskandr Lukaşenkanyň 9-njy awgustdaky saýlawlaryň dawaly netijelerine laýyklykda ýeňiji diýlip yglan edilmeginiň yzy bilen, on müňlerçe adam köçelere çykyp, onuň häkimiýetden gitmegini talap etdi.

Howpsuzlyk resmileri demonstrasiýalary gazaplylyk bilen basyp ýatyrdylar, müňlerçe adamy tussag etdiler we esasy oppozisiýa wekilleriniň köpüsini ýurduň daşyna çykmaga mejbur etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG