Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ 43 belarusla 'demokratiýa zyýany' üçin wiza çäklendirmelerini girizdi


 Antoni Blinken
Antoni Blinken

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 43 sany belarusla, şol sanda birnäçe ýokary derejeli resmä garşy, ýurduň demokratiýasyna "ýetiren zyýany üçin”, wiza çäklendirmelerini girizendigini aýdýar.

Döwlet sekretary Antoni Blinken 18-nji fewralda eden çykyşynda Waşingtonyň awtoritar lider Aleksandr Lukaşenkanyň dolandyrýan hökümetiniň "parahatçylykly demonstrantlara, demokratiýa aktiwistlerine we žurnalistlere garşy dowam edýän zorlukly basyşlaryndan" alada galýandygyny aýtdy.

“16-njy fewralda “Wýasna” [Bahar] adam hukuklary guramasyna, Belarusyň Žurnalistler birleşigine we garaşsyz kärdeşler arkalaşygynyň işgärlerine garşy geçirilen reýdler, şeýle-de 18-nji fewralda žurnalistler Katsyaryna Andreýewa we Darýa Çultsowa garşy çykarylan hökümler aýratyn aladaly” diýip, beýanatda aýdylýar.

Belarus kazysy 18-nji fewralda Andreýewany we Çultsowany "jemgyýetçilik düzgün-tertibini bozmaga gönükdirilen köpçülikleýin çäreleri gurnamakda" günäkär tapyp, olara garşy höküm çykardy.

27 ýaşly Andreýewa we 23 ýaşly Çultsowa kazyýet zalynda eden soňky çykyşlarynda aýyplamalary ret etdi. Olar bu çärä diňe žurnalist hökmünde öz işlerini ýerine ýetirmek üçin barandyklaryny aýdyp, özleriniň syýasy sebäpden günäkärlenýändigini öňe sürdi.

Döwlet departamenti "Belarusyň demokratiýasyna zyýan ýetirýändigi üçin, ABŞ-a girip bilmez ýaly", jogapkär hasaplanylýan belaruslylaryň 43-sine garşy wiza çäklendirmeleriniň girizilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG