Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Respublikanlar Baýden administrasiýasynyň "Demirgazyk akym 2" gadaganlygyny tankytlaýar


Wekiller öýüniň kanun çykaryjysy Maýkl MakKol (Respublikan-Tehas)
Wekiller öýüniň kanun çykaryjysy Maýkl MakKol (Respublikan-Tehas)

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Russiýanyň gämisine we gäminiň eýesine Russiýadan Germaniýa çekilýän “Demirgazyk akym 2” tebigy gaz geçirijisinde alyp baran işleri üçin goşmaça sanksiýalary girizdi, ýöne bu çäre respublikan kanun çykaryjylar tarapyndan derrew “ýerliksiz iş” hökmünde tankyt edildi.

Täze sanksiýalar 19-njy fewralda giçlik Döwlet departamenti tarapyndan Kongrese iberilen hasabatda yglan edildi.

Iki respublikan kanun çykaryjy administrasiýanyň goşmaça nyşanalara sanksiýa girizmegini derrew ýazgaryp çykyş etdi.

Wekiller öýüniň kanun çykaryjysy Maýkl MakKol (Respublikan-Tehas) ozal sanksiýa girizilen nyşanalara goşmaça sanksiýa goşmagyň "düýbünden ýerlikli däldigini" we kanun çykaryjylaryň bu geçirijini duruzmak niýetine laýyk gelmeýändigini aýtdy.

Senator Jim Riş (Respublikan-Idaho) hem Makkolyň aladalaryny gaýtalamak bilen, Kongresiň häzirki wagtda gurulýan geçirijilik işleriniň görnüşlerini öz içine alýan hökmany sanksiýalary giňeldendigini, ýöne Döwlet departamentiniň hasabatynda bu çärelere ähmiýet berilmeýändigini aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we birnäçe Ýewropa ýurdy Russiýanyň Baltika deňziniň aşagyndan, Ukrainadan sowa amala aşyrjak tebigy gaz eksportyna garşy durýar.

Olar munuň Kremle Ýewropanyň energiýa bazaryndaky gözegçiligini güýçlendirmäge kömek etjekdigini aýdýarlar.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Ned Praýs Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Demirgazyk 2” taslamasyna gowy garamaýandygy we kompaniýalar bu işe gatnaşsa, olaryň sanksiýalara sezewar bolýandygyny öňräkden bäri mälim” diýdi.

XS
SM
MD
LG