19-njy fewralda Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde onlaýn duşuşygy geçirildi.
Türkmen DIM-niň maglumatyna görä, Wepa Hajyýew we Martin Tlapa “özara gyzyklanma döredýän ulgamlaryň ählisi boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny” nygtady.
Taraplar parlament hyzmatdaşlygynyň derejesine hem seredip geçdiler, Türkmenistanyň Mejlisinde Çehiýa bilen Parlamentara Dostluk topary döredildi, özara duşuşyklary we saparlary guramagyň mümkinçiliklerine seretmek teklip edildi.
Diplomatlar iki ýurduň daşary syýasatynda ileri tutýan ugurlary, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Çehiýa tarapy Owganystanda parahatçylyk prosesiniň ilerledilmegine ýardam bermek bilen birlikde, sebit hem-de halkara işlerinde Türkmenistanyň işjeň ornuna ýokary baha berdi.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem gyzyklanma bildirdiler, Aziýadan Ýewropa ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ýola goýulmagy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, energetika meseleleri dogrusynda pikir alyşyldy diýip, resmi habarda aýdylýar.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?