Owganystanyň paýtagtynda bolup geçen bomba hüjümlerinde azyndan bäş adam ölüp, iki adam ýaralandy.
Kabul polisiýasynyň metbugat wekili Ferdaws Faramarz ulagl bombalarynyň ýarylmagy netijesinde dörän iki partlamanyň wagt aratapawudynyň 15 minut bolandygyny aýtdy.
Polisiýa ulagyny nyşana alan üçünji bomba takmynan iki sagat soň partlap, ulagdaky iki owgan esgerini we b ötegçi raýaty öldürdi.
Hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe h iç bir topar öz üstüne almady we polisiýa derňewleri alnyp barylýar.
Kabulda soňky hepdelerde ulaglaryň aşagyna berkidilen we uzakdan ýa-da wagt goýlup partladylýan ownuk "ýelmeşiji" bombalary ulanmak arkaly guralýan hüjümler köpeldi.
Ýöriteleýin kast etmek maksady bilen guralýan hüjmlerde howpsuzlyk güýçleriniň agzalary, wezipeli adamlar, kazylar, raýat jemgyýetiniň aktiwistleri we žurnalistler nyşana alyndy.
Soňky döwürde hökümet bilen “Talyban” gozgalaňçylarynyň arasynda alnyp barylýan parahatçylyk gepleşikleriniň togtamagy ýurduň käbir ýerlerinde zorlukly wakalaryň artmagy bilen utgaşdy.
Ekstremist “Yslam döwleti” topary hüjümleriň käbiriniň jogapkärçiligini öz üstüne aldy, emma owgan hökümeti hüjümleriň käbirini “Talybandan” gördi.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?