Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ysraýyl maglumatlary Pfizer sanjymynyň hakyky durmuş netijeliligini görkezýär


Ysraýyl ilatyna sanjym etmek boýunça dünýäde öňdeligi eýeleýär.

Pfizer/BioNTech sanjymynyň agyr keseliň we ölümiň öňüni almakda 99 göterime golaý netijeliligi bar diýip, Ysraýylyň Saglyk ministrligi aýdýar.

Pfizer/ BioNTech sanjymynyň birinji dozasynyň ýurduň 9 million ilatynyň ýarysyna golaýyna berilmegi bilen, Ysraýyl ilatyna sanjym etmek boýunça dünýäde öňdeligi eýeleýär.

Takmynan 2,9 million raýat iki sanjym aldy. Saglyk ministrligi maglumatlaryň sanjymyň ölümiň öňüni almakda 98,9 göterim, iki dozany alanlaryň arasynda agyr kesellere garşy 99,2 göterim netije görkezendigini aýtdy.

Maglumatlaryň tassyklamagyna görä, sanjym edilmedikler bilen deňeşdirilende, bu waksina iki hepde soň ikinji sanjym alanlarda koronawirus ýokuşmasynyň öňüni almakda 95,8 göterim netijelilik görkezdi.

Bu täsirlilik derejesi sanjymlaryň ýokuşmalary 95 göterim azaldandygyny görkezýän kliniki barlaglaryň netijelerine laýyk gelýär.

Ysraýyl 16 ýaşan we ondan ýokar ýaşly raýatlarynyň ählisine martyň aýagyna sanjym etmegi maksat edinýär, bu öwrülişik pursaty bolup, beýleki ýurtlaryň pandemiýadan saplanmagy üçin eýermeli ugruny kesgitlär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG