Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan “goňşularyna muzdsuz kömek” ibermegini dowam etdirýär


Astrahana eltiljek "muzdusuz kömek" Türkmenbaşy portundan ugradylar.

Türkmenistanyň prezidenti 19-njy fewralda Russiýanyň Astrahan sebitine Türkmenistanda öndürilen önümleri muzdsuz ibermek hakyndaky buýruga gol çekdi.

Nobatdaky kömek wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredowyň taýýarlan teklipleri esasynda iberilýär. TDH bu kömegiň “dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde” iberilýändigini habar berýär.

Neşir muzdsuz beriljek önümleriň derman we saglygy goraýyş serişdelerinden, azyk önümlerinden we harytlardan ybaratdygyny belleýär.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň maý aýynda hem Astrahana 1000 tonnalyk ýük iberdi. Şonda azyk we senagat önümlerini, dokma we gurluşyk materiallaryny öz içine alýan kömegiň Astrahana bu sebitiň koronawirus aladalary sebäpli iberilendigi aýdylypdy.

Emma häzirki kömegiň “dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde” iberilýändigi aýdylýar.

Şonuň bilen bir wagtda, TDH-nyň rus dilindäki habarynda Orsýete ugradyljak kömegiň “muzdsuz” berilýändigi, iňlis dilindäki habarynda “bagyşlanýandygy” aýdylyp, türkmen dilindäki habarlarynda bu sözleriň hiç biri ulanylmaýar.

Geçen ýyl Türkmenistan goňşy Owganystana, Eýrana hem ynsanperwerlik kömegini iberdi, suw joşmalaryndan ejiz çeken Özbegistana kömek teklip etdi. Emma tebigy hadysalardan, şol sanda keselçilik ýagdaýlaryndan ejir çekýän ilatyna beýle teklip bilen ýüzlenmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG