Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Leningradyň goragçylaryna we ýaşaýjylaryna ýadygärlik gurmak planlaşdyrylýar


Gabawdaky Leningrad. Arhiw suraty
Gabawdaky Leningrad. Arhiw suraty

Türkmenportal” rus mediasyna salgylanyp, Aşgabatda II Jahan urşy ýyllarynda gabawa düşen Leningradyň goragçylaryna we ýaşaýjylaryna ýadygärlik gurmagyň planlaşdyrylýandygyny habar berýär.

Topspb.tv bu habary Sankt-Peterburg şäheriniň daşarky gatnaşyklar komitetiniň başlygynyň orunbasary Arbi Abubakarowa salgylanyp çap etdi.

Şäher resmisi Sankt-Peterburgyň Leningrad gabawynyň daşary ýurtlardaky hatyrasyny saklamak boýunça işjeň syýasaty alyp barýandygyny belläp, 2020-nji ýylda Iýerusalimde "Hakyda şemi" ýadygärliginiň açylandygyny, Mançesterde gabalan Leningradyň ýaşaýjylaryna ýadygärlik dikilendigini aýtdy.

“Biz häzir Daşkentde gabaw astyndaky Leningradyň goragçylaryna we ýaşaýjylaryna ýadygärlik açylmagyna işjeň taýýarlyk görýäris, uruş wagtynda bu ýere Demirgazyk paýtagtyň köp ýaşaýjysy ewakuasiýa edildi. Şeýle ýadygärligi Aşgabatda-da gurmagy planlaşdyrýarys” diýip, Abubakarow pandemiýa bilen bagly ýagdaýlar mümkinçilik berse, bu ýadygärlikleriň şu ýylda açyljakdygyny aýdypdyr.

Türkmenistanam uruş ýyllarynda ewakuasiýa edilen müňlerçe adama, şol sanda leningradlylara pena boldy.

Orsýetde II Jahan urşy, şol sanda Leningrad gabawy hakynda köp sanly täze maglumat, hususan-da döwlet ýolbaşçylarynyň ýalňyşlyklary netijesinde pida bolan adamlar barada ozal aýdylmadyk zatlar mälim edildi, emma Türkmenistanyň halkyna bu maglumatlar elýeterli edilmeýär.

XS
SM
MD
LG