Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistan goşuny dört aýalyň öldürilmegi bilen baglanyşykly söweşijini öldürdi


Waziristanlylar protest bildirýär. Arhiw suraty

Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň demirgazyk-günbatarynda kömek işinde işleýän dört aýalyň öldürilmegine dahylly diýip güman edilýän “Talyban” komandirini öldürdi diýip, ýurduň goşuny 24-nji fewralda aýtdy.

Söweşiji serkerdesi, Sajna diýip hem tanalýan Hasan Han 23-nji fewralda, owgan serhediniň demirgazygyndaky Waziristan etrabynyň Mir Ali obasyna geçirilen reýd wagtynda esgerler bilen turan atyşykda öldürildi diýip, goşun beýannamasynda aýdylýar.

Kömek işlerinde işleýän dört aýala 22-nji fewralda, obanyň içinden awtoulagly geçip barýarkalar iki sany ýaragly adam tarapyndan hüjüm edildi.

"Sajna lakamly Hasan düýn Mir Alide öldürilen dört kömek işgäriniň janyna kast edilmegine dahylly" diýip, beýanatda onuň Pakistan "Talybanynyň" bölünen toparynyň ýerli serkerdesi bolandygy aýdylýar.

Ýerli polisiýa başlygy Şafiullah Gandapur öldürilen dört kömek işgäriniň ýerli institut tarapyndan dolandyrylýan programma degişlidigini, olaryň aýallara hojalyk hünärlerini öwretmek bilen meşgullanandygyny aýtdy.

Soňky ýyllarda ýurduň demirgazyk-günbatarynda içerki we daşary ýurtly söweşijilere garşy geçirilen birnäçe harby kampaniýadan soň hüjümler azalypdy.

Emma söweşiji toparlar şindem seýrek, üzlem-saplam hüjümleri amala aşyrmagy başarýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG