Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ankarada Türkmen-Türk we Azerbaýjan hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy


Ankara. Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Raşid Meredow, Mewlüt Çawuşoglu we Jeýhun Baýramow. Türkmen DIM-niň fotosuraty

Çawuşoglu prezident Berdimuhammedowyň çakylygy boýunça prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana sapar etmek isleýändigini, sapar wagtynda Türkmen, Azeri we Türk tarapynyň Türkmenistanda ýokary derejeli duşuşygyny guramakçydyklaryny, bu barada Meredow bilenem maslahat edendigini aýtdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan arasyndaky üç taraplaýyn gepleşiklere gatnaşmak üçin 22-24-nji fewral aralygynda Ankara sapar edýär.

Bu saparyň çäginde düýn, 23-nji fewralda Reşit Meredow we Türkiýäniň DIM-ri Mewlut Çawuşoglu ikiçäk gepleşik geçirdi. Olar duşuşykda iki ýurduň ykdysady, syýasy we energiýa gatnaşyklaryny has-da ösdürmegi maslahat etdiler diýip Türk mediasy habar berýär.

Şol duşuşykdan soňra berlen metbugat ýygnagynda ilkinji bolup çykyş eden türk ministri Mewlut Çawuşoglu “Ikinji Watanyňa hoş geldiň“ diýip, Reşit Meredowa ýüzlenip, Türkiýe bilen Türkmenistanyň geljekde hem syýasy, ykdysady, energiýa boýunça özara hyzmatdaşlygyny ösdürjekdigini aýtdy.

Ol şu ýyl Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistany, türkmen halkyny gutlady we Meredow bilen gepleşiklerinde geljekde haýsy pudaklarda, nähili ädimleriň ädiljekdigini gözden geçirendiklerini habar berdi.

Çawuşoglu prezident Berdimuhammedowyň ahyrky telefon gepleşiginde eden çakylygy boýunça 2021-nji ýylda prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana sapar etmek isleýändigini, bu sapar wagtynda Türkmen, Azeri we Türk tarapynyň Türkmenistanda ýokary derejeli duşuşygyny guramak isleýändiklerini, bu barada hem Meredow bilen maslahat edendigini aýtdy.

Çawuşoglu COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, Türkiýäniň Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarynyň ösýändigini we ony 2014-nji ýyldaky derejesine ýetirmek üçin özara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýändiklerini belläp, "Türkhowaýollarynyň" Türkmenistana uçuşlarynyň täzeden ýola goýulmagy üçin Aşgabatdan kömek sorady.

“Cowid-19 pandemiýasy sebäpli Türkmenistana uçuş saparlaryny edip bilmeýän "Türkhowaýollarynyň" uçuşlarynyň pandemiýa şertlerini berjaý edip, ýene-de ýola goýulmagy üçin Türkmenistandan kömek bermegini haýyş etdik “ diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de, Çawuşoglu Hazar deňzindaki “Dostluk“ ýatagy boýunça Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ylalaşyk gazanmagyna hoşal bolandyklaryny, bu ugurda türk şirketleriniň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny nygtady.

“Türkiýe türkmen gazynyň öz topragy arkaly Ýewropa akdyrylmagyna gatnaşmaga taýýar“ diýip, ol aýtdy.

23-nji fewralda Ankarada iki ministriň bilelikdäki metbugat ýygnagynda Reşit Meredow türkçe eden çykyşynda kärdeşi Çawuşoglu bilen Türkmenistanyň we Türkiýäniň syýasy, ykdysady, bilim, saglyk we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyny hasda giňeltmek barada maslahat edendiklerini aýtdy. Emma jikme-jik maglumat bermedi.

Ol iki ýurduň söwda, ykdysady gatnaşyklarynyň barha ösýändigini belledi.

“Diňe 2020-nji ýylda, Coronawirus pandemiýasyna garamazdan, iki ýurdyň söwda gatnaşyklaranyň jemi möçberi takmynan 2 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu erbet däl“ diýip, Meredow aýtdy.

Reşit Meredow geljekde diplomatiki, syýasy ugurlarda, Halkara guramalary we programmalary, şol sanda, BMG, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy bilen hyzmatdaşlygy barha ösdürmek barada hem gürrüň edendiklerini sözüne goşdy.

Düýn Mewlut Çawuşoglu bilen Reşit Meredow Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrlikleriniň 2021-2022 ýyllarda hyzmatdaşlygy barada resminama hem gol goýdular.

Bu duşuşykdan soňra Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň DIM-leri üç taraplaýyn gepleşik geçirildi.

Üç ministriň bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyş eden Reşit Meredow bu duşuşygy “taryhy” diýip häsiýetlendirip, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň Türkmenistanyň, şol sanda, prezident Berdimuhamedowyň öňe süren inisiatiwalaryny mydama goldandygyna minnetdarlyk bildirdi we bu goldawyň geljekde hem beriljekdigine umyt edýändiklerini aýtdy.

Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň DIM-leriniň ahyrky üç taraplaýyn gepleşikleri 2017-nji ýylda Bakuwda geçirilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG