Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýedäki türkmenistanlylar protest çykyşlary üçin, jeza hökmünde öz ýurduna iň soňunda çykarylar


Türkmen hökümetiniň syýasatyna garşy protest çykyşy, 26-njy iýun, 2020.
Türkmen hökümetiniň syýasatyna garşy protest çykyşy, 26-njy iýun, 2020.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkiýedäki türkmen raýatlaryny iň soňky pursatda alyp gaýtmak kararyna geldi. Bu ýagdaýdan gönüden-göni habarly bolan Azatlygyň çeşmesiniň sözlerine görä, muny Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hut özi buýrupdyr. Şeýlelikde, çeşmäniň habaryna görä, türkmen häkimiýetleri türkmenistanlylary Stambulda birnäçe protest gurnandygy üçin jezalandyrmak kararyna gelipdir. Azatlygyň çeşmelerine görä, koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlaryny ewakuasiýa etmek boýunça çäreleriň çäginde Stambuldan uçuşy guramak entek planlaşdyrylmandyr. Bu aralykda, birnäçe aý bäri Türkiýeden gitmäge synanyşýan türkmen raýatlary ýörite uçarlaryň ýola goýulmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýdýarlar.

Türkiýede öz watanyna dolanmaga synanyşýan 600-den gowrak türkmen raýaty galýar. Stambulyň howa menzilinde galan türkmen raýatlaryna maý aýynda azyk kömegini guramak işine gatnaşan türkmen migranty Serdaryň (ady üýtgedildi) habar bermegine görä, adamlar alty aý bäri türkmen hökümetiniň kömegine garaşýarlar.

Daşoguzly 71 ýaşly Maral daýza (ady üýtgedildi) Türkiýede koronawirus pandemiýasynyň ýesiri bolan ýüzlerçe türkmen raýatynyň biridir. Ol ýanwar aýynda Türkiýede işçi migranty bolan gyzyny we agtyklaryny görmäge geldi. Emma watanyna gaýdyp bilmedi. Fewral aýynyň ahyrynda Türkmenistan halkara gatnawlaryny ýatyrdy. Ol Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygy bilen habarlaşandygyny, emma özüne Türkmenistana uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşmakdan başga alajynyň ýokdugynyň aýdylandygyny habar berýär. Dartgynly ýagdaý sebäpli Maral daýza keselledi we häzirki wagtda gyzynyň öýünde galýar, ýöne saglyk ätiýaçlandyryş resminamasynyň ýoklygy sebäpli medisina kömegini alyp bilmeýär.

Serdar, Maral daýza ýaly umytsyz ýagdaýda galan ýüzlerçe adamyň bardygyny aýdýar.

Azatlyk aprel aýynda Stambulyň howa menzilinde 300 töweregi türkmen raýatynyň bolandygyny habar berdi. Serdaryň sözlerine görä, şol döwürde howa menzilinde beýleki ýurtlaryň raýatlary bardy, olara öz ýurtlarynyň ilçihanalary azyk we beýleki kömekleri berýärdi. Emma türkmenlere Ankaradaky ilçihanadan ýa-da Stambuldaky konsullykdan hiç hili kömek berilmändir. Şu wagt käbir türkmenler aeroportdan gaýdypdyr, ýöne köpüsi henizem şol ýerde. Azatlyk olar bilen habarlaşmaga synanyşýar.

Türkmen aktiwistleri Stambuldaky türkmen konsullygyna ýüz tutanda, olara Stambulyň howa menziliniň çägine girip bilmejekdikleri aýdylypdyr. Şeýle gepleşikleriň biriniň ses ýazgysy Azatlygyň ygtyýarlygyna berildi.

Serdar, öýlerine dolanmak isleýän 600-den gowrak türkmen raýaty barada habarlydygyny aýtdy. Ýöne olaryň sany birnäçe esse köp bolup biler, sebäbi Türkmenistana 6 aýdan gowrak wagt bäri uçar gatnamaýar.

Uçar gatnawy ýatyrylansoň, "Türkmenhowaýollarynyň" birnäçe ýük uçary Stambula uçupdy, ýöne diňe ýükleri, şol sanda dermanlary alyp gidipdi. Türkmenistan öz raýatlaryny çykarmaga howlukmady.

Geçen hepde Türkmenistanyň koronawirus pandemiýasy sebäpli beýleki ýurtlarda galan raýatlaryny ewakuasiýa etmek üçin ýörite uçuşlary gurnaýandygy mälim boldy. 22-nji awgustda 135 türkmen raýaty Hindistandan ewakuasiýa edildi, şolardan bir aýal uçarda öldi. Ýarym resmi web sahypalary 133 raýatyň Hindistandan çykarylandygyny habar berdi. 23-nji awgustda esasan talyplardan ybarat bolan 247 adam Belarusdan ewakuasiýa edildi.​

Azatlygyň çeşmesiniň habaryna görä, türkmen migrantlarynyň köpüsiniň Türkiýededigine garamazdan, olary Stambuldan getirmek üçin uçara entek garaşylmaýar.

Azatlygyň ygtybarly çeşmesi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Türkiýedäki türkmen raýatlaryny iň soňky pursatda alyp gaýtmak kararyna gelendigini aýdýar. Çeşmäniň sözlerine görä, muny Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hut özi buýrupdyr. "Şeýlelikde, soňky birnäçe aýda Stambulda birnäçe protest çykyşyny guran we ministriň öz sözlerine görä, Türkmenistany we prezidenti masgaralan Türkiýedäki türkmenistanlylary jezalandyrmak kararyna gelindi" diýip, çeşme aýdýar. Azatlyk bu maglumatlary beýleki resmi çeşmelerden tassykladyp bilmedi. Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen habarlaşmak mümkin däldi.

Häzirki wagtda halkara uçarlaryň barýan ýeri bolan Türkmenabat şäheriniň halkara howa menzilindäki çeşmelerimiz ýakyn wagtda Stambuldan hiç bir reýsiň garaşylmaýandygyny aýdýar. “Iň bolmanda 1-nji sentýabra çenli raýatlary Stambuldan çykarmak planlaşdyrylmaýar. Soňky günlerde Moskwadan, Sankt-Peterburgdan we Birleşen Arap Emirliklerinden uçarlar guramalaşdyrylar"- diýip, Türkmenabadyň aeroportyndaky çeşmelerimiziň biri aýtdy.

Hakykatdanam, soňky alty aýyň dowamynda Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylar prezident Berdimuhamedowa we onuň hökümetine garşy ondan gowrak demonstrasiýa gurady. Protestleriň köpüsi Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňünde geçirildi. Konsullygyň işgärleri bu çäräni guraýjylaryň öňüni almaga synanyşdylar we haýbat atdylar.

Türkmen halkynyň garşylyk hereketleri ABŞ, Demirgazyk Kipr we Russiýa ýaly beýleki ýurtlarda-da geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň içinde özbaşdak nägilelik bildirýän hereketler ýygy-ýygydan ýüze çykdy.

Türkmenistanyň raýatlarynyň nägileligi güýçli ykdysady krizis, häkimiýetleriň tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek we koronawirusyň ýaýramagyna garşy durmak meselelerindäki başarnyksyzlygy bilen bagly.

Türkiýe türkmen işçi migrantlarynyň barýan esasy ýeri. Dürli çaklamalara görä, Türkiýede iş gözläp öz ýurduny terk eden 800 müňe golaý türkmen raýaty bar.

Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistan Stambulda ýasama arakdan zäherlenip, heläk bolan onlarça raýatynyň jesedini alyp gaýtmakdan ýüz öwürdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG