Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

KHŞG: Türkmenistan we Täjigistan serhetleriniň owgan ýakasynda 15 müň töweregi “Talyban” söweşijisi bar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň ştab ýolbaşçysy Andreý Sidorow 25-nji fewralda Moskwada geçiren metbugat ýygnagynda Täjigistanyň we Türkmenistanyň serhetleriniň owgan ýakasynda ýerleşýän “Talyban” söweşijileriniň sanynyň 15 müň adam töweregindedigini aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, toparyň jemi söweşijileriniň sany 70 müň adama golaýlaýar.

Ýokary derejeli rus howpsuzlyk resmileri soňky ýyllarda birnäçe gezek Täjigistan bilen Türkmenistanyň owgan serhet ýakalaryndaky howpsuzlyk şertleri boýunça beýanat bilen çykyş etdiler.

“Talyban” bilen Birleşen Ştatlary Owganystanda tas 20 ýyl bäri dowam edýän uruşlary soňlandyrmak üçin, 2020-nji ýylyň 29-njy fewralynda parahatçylyk ylalaşygyna gol çekdi. Bu şertnama “Talybandan” beýleki ekstremist toparlar bilen, şol sanda “Al-Kaýda” bilen aragatnaşygy kesmegi talap edýär. Ýöne owgan resmileri ekstremist toparlar bilen “Talybanyň” arasynda hyzmatdaşlygyň heniz hem dowam edýändigini aýdýarlar.

Möhüm ylalaşygyň yz ýany, geçen ýylyň 12-nji sentýabrynda Kataryň paýtagty Dohada “Talyban” bilen owgan hökümetiniň arasynda owganara parahatçylyk gepleşiklerine bat berildi. Taraplar parahatçylyk gepleşikleri boýunça heniz uly öňe gidişligiň gazanylmandygyny aýdýarlar.

6-njy fewralda Türkmenistana sapar eden “Talyban” wekiliýeti resmi Aşgabada iri taslamalar boýunça howpsuzlyk jähtden goldaw beýan etdi.

Düýbi Moskwada ýerleşýän Russiýanyň öňbaşçylygyndaky Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna käbir öňki sowet respublikalary, şol sanda Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan girýär. Türkmenistan bu guramanyň agzasy däl.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG