Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus howpsuzlyk resmisi Türkmenistanyň we Täjigistanyň çäginde YD-yň 400 ýaşyryn öýjüginiň bardygyny aýdýar


Illýustrasiýa suraty

Rus howpsuzlyk resmileri Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän demirgazyk regionlarynda terror toparlarynyň güýçlenmeginiň regionyň howpsuzlygyna wehim salýandygyny aýdýarlar.

“Demirgazyk Owganystanda Talybanyň güýçlenmegi Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna girýän ýurtlara wehim salýar” diýip, KHŞG-nyň ştab ýolbaşçysy Andreý Sidorow 24-nji sentýabrda Russiýanyň Interfaks habar agentliginde sitirlendi.

“Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän owgan welaýatlarynda Talybanyň jemi 11 müň agzasy bar” diýip, Sidorow Moskwada žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Ol Owganystanda “Yslam döwlet” ekstremist toparynyň işjeňleşýändiginiň göze ilýändigini hem belledi. Rus metbugaty Sidorowa salgylanyp, “YD” jeňçileriniň Owganystandaky umumy sanynyň jemi 4 müň töweregindedigini habar berýär.

Sidorow “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň Owganystana Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa ýurtlaryna aralaşmak üçin baza hökmünde garaýandygyny aýdýar.

“Terrorçylaryň “Talyban” bilen çaknyşmaklary häzirki wagtda olaryň öz gözegçilik edýän ýerlerini ep-esli giňeltmegine rugsat bermeýär” diýip, howpsuzlyk resmisi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, terrorçy topar Owganystan bilen araçäkleşýän Türkmenistana we Täjigistana öz täsirini ýaýmaga synanyşýar.

“Ekspertleriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda olaryň öz çäginde owgan terror düzümleri bilen aragatnaşyk saklaýan 400 töweregi ýaşyryn öýjükler bar” diýip, Sidorow aýtdy.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer rus howpsuzlyk resmisiniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna abanýan wehimler barada eden çykyşynyň nobatdaky duýduryşdan ybarat bolandygyny aýdýar. Onuň tassyklamagyna görä, russiýaly resmiler Merkezi Aziýa ýurtlaryna 20 ýyldan gowrak wagt bäri howpsuzlyk duýduryşlaryny berip gelýär:

“Bu olaryň (rus resmileriniň) 20 ýyldan gowrak wagt bäri gaýtalaýan şol bir zatlarydyr. Olar [Merkezi Aziýa ýurtlaryna] ‘Owganystanda howp bar, bu Merkezi Aziýa syçrap biler. Size kömek zerur bolmagy mümkin. Bu Russiýa bilen, hususan-da rus goşuny bilen oňat gatnaşyklary saklamaga sebäpdir’ diýip gelýär. Indi olaryň alada bildirmek nobaty "Yslam döwleti" ekstremist toparyna gezek geldi. Köp ýyllyklaryň dowamynda olar başga toparlara alada bildirip gelipdi” diýip, Panniýer aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, rus resmileri “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň Owganystandaky sany barada 2 müň we 10 müň aralygynda san getirýär.

“Olaryň sany haýsy rus resmisini diňleýäniňe bagly. Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň ýolbaşçysy Sidorow olaryň sanynyň 4 müň töweregindedigi barada özünde maglumatyň bardygyny aýtdy. Russiýanyň Owganystandaky ozalky ilçisi Zamirbek Kabulow olaryň sanynyň 8-10 müň aralygyndadygyny aýdypdy” diýip, Panniýer belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, resmiler getirýän sanlary baradaky maglumatlaryň çeşmesini görkezmeýärler.

Panniýer Türkmenistanyň ne Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna agzadygyna, ne-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna doly agzadygyna ünsi çekip, resmileriniň serhetdäki howpsuzlyk şertlerini agzanda Türkmenistanyň adyny tutmagynyň geň galdyrýandygyny belledi.

Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna Belarus, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa we Täjigistan girýär.

“Meniň pikirimçe bu türkmen häkimiýetlerine gönükdirilen nobatdaky rus duýduryşy bolup durýar. ‘Häzir boluň!” diýilýän bu duýduryşyň setir aralarynda ‘siz asla öz halkyňyzy gorap bilmersiňiz, gowusy, siz Moskwa bilen ýakyn gatnaşyklary, şol sanda ýakyn harby gatnaşyklary saklaň, sebäbi eger olar serhetden aşan ýagdaýynda siz bu adamlara garşy öz çägiňizi gorap bilmersiňiz!’ diýlen duýduryş bar” diýip, Panniýer sözüni jemledi.

Rus resmileri Demirgazyk Owganystandaky jeňçileriň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna ýa-da Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna girýän ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň howpsuzlygyna abandyrýan wehimi barada ilkinji gezek çykyş etmeýär. Soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda rus resmileriniň agzalýan çykyşlary ýygjamlaşyp başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG