Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşinýan 'agdarylyşyk synanyşygy' diýenden soň, Ermenistandaky ýagdaý dartgynlygy bolmagynda galýar


Paşinianyň işinden aýrylmagyny talap edýän partiýalar parlament binasynyň daşynda lagerleri we barrikadalary gurdy. 25-nji fewral, 2021.
Paşinianyň işinden aýrylmagyny talap edýän partiýalar parlament binasynyň daşynda lagerleri we barrikadalary gurdy. 25-nji fewral, 2021.

Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň ýokary derejeli harby ofiserleriň işden çekilmek baradaky çagyryşyny ret edip, "agdarylyşyk synanyşygy" barada duýduryş bereninden bir gün soň, Ermenistanda dartgynlylyk ýokary bolmagynda galýar, dünýä döwletleri taraplaryň ählisini güýçlenýän syýasy krizisiň öňüni almaga çagyrýar.

Ýokary derejeli harby ýolbaşçylar oppozisiýanyň premýeriň wezipesinden çekilmegi barada edýän talaplaryna goşulandan soň, Paşinýan 25-nji fewralda Ýerewanyň merkezinde 20,000 töweregi tarapdaryna ýüzlenip, ermenileriň ýaragly güýçleriň ara girmegine ýol bermejekdigini aýtdy.

Şu aralykda, premýer-ministre garşy 10,000 adamlyk protest guran oppozisiýa partiýalary, Paşinianyň işinden aýrylmagyny talap edip, parlament binasynyň daşynda lagerleri we barrikadalary gurdy.

Oppozisiýadaky “Gülläp ösýän Ermenistan” partiýasynyň wekili Iweta Tonoýan žurnalistlere oppozisiýa toparlarynyň 26-njy fewralda ýurduň syýasy ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak üçin gyssagly mejlis geçirmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Oppozisiýa partiýalarynyň premýer-ministrlige bilelikdäki kandidaty Wazgen Manukian Paşiniany wezipesinden çetleşdirmek üçin parlamentde adatdan daşary sessiýa geçirilýänçä gije-gündiz, dyngysyz protest bildirmek haýbatyny atdy.

Paşinýan 25-nji fewralda Ýerewanda geçirilen ýygnanyşykda harbylaryň diňe Ermenistany daşarky güýçlerden goramak bilen meşgullanmalydygyny aýtdy.

Ýerewanyň köçelerinde ýöriş geçirenden soň berk howpsuzlyk çäreleriniň arasynda çykyş eden premýer-ministr harby ştabyň premýeriň we onuň hökümetiniň işinden aýrylmagyny talap edip ýazan hatyna garşy çykdy.

Parlamentde "Meň ädimim" bileleşigimiň köplügine eýe bolan Paşinýan oppozisiýanyň irki saýlawlar baradaky talaplaryny ret etdi we maslahata çagyrdy.

Täze dörän krizis raýat hökümetine çalasyn halkara goldawynyň berilmegine getirdi, ABŞ we Russiýa hem sabyrlylyga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG