Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni premýer-ministri agdarylyşyga synanyşyk edilýändigini aýdyp, köçelere çykdy


Ermeni premýer-ministri Nikol Paşiniýan 25-nji fewralda Ýerewanda tarapdarlarynyň öňünde çykyş edýär.
Ermeni premýer-ministri Nikol Paşiniýan 25-nji fewralda Ýerewanda tarapdarlarynyň öňünde çykyş edýär.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan harbylaryň onuň häkimiýetden çekilmek baradaky eden çagyryşyny “harby agdarylyşyk synanyşygy” diýip atlandyryp, özüniň ýüzlerçe tarapdary bilen paýtagt Ýerewanyň köçelerine çykdy.

Bu soňky özgerişler Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky Daglyk-Garabag sebiti boýunça dowam eden alty hepdelik urşuň togtadylmagynyň yzýany, bu Kawkaz döwletinde we regionyň beýleki ýurtlarynda durnuksyzlygyň döremek howpuny artdyrdy.

Ozalky sowet respublikasynyň ýarany Kreml ýagdaýlaryň tiz gerimde özgermegi bilen aladalanýandygyny aýtdy. Moskwa taraplaryň ählisini güýç ulanmakdan saklanmaga çagyrdy.

Paşiniýan harbylaryň işden çekilmek baradaky çagyryşyny ret etdi we oňa derek Ýaragly güýçleriň Baş ştabynyň başlygy Onik Gasparianyň wezipesinden boşadylýandygyny yglan etdi.

Şeýle-de, ol öz tarapdarlaryny paýtagt Ýerewanyň merkezinde ýygnanyşmaga çagyrdy.

Ermenistanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň Maglumat bölüminiň başlygy Samwel Asatrýan 25-nji fewralda beren beýanatynda harbylaryň bu çagyryşynyň Ýaragly güýçleriň Baş ştabynyň başlygynyň birinji orunbasarynyň “ýöntem sebäpler üçin” işden boşadylmagyna “aýgytly protest” hökmünde kabul edilendigini aýtdy.

Bu ädim “Ermenistan Respublikasynyň milli we döwlet bähbitleri nazarda tutulmazdan amala aşyryldy. Ýurduň kyn şertlerinde şeýle karar döwlete garşy ädilen jogapkärçiliksiz ädimdir. Ermeni halky üçin möhüm pursatda Ermenistan Respublikasynyň premýer-ministri we hökümet mundan beýläk kanagatly kararlary kabul edip bilmeýär” diýip, beýanat aýtdy.

Ýaragly güýçleriň bu beýanaty goldamak üçin güýç ulanyp-ulanmajakdygy bada-bat mälim bolmady.

“Biz Ermenistandaky ýagdaýlary uly alada bilen yzarlaýarys” diýip, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow aýtdy, şeýle-de “Biz asudalyga çagyrýarys” diýip, sözüne goşdy.

Paşiniýanyň tankytçylary Daglyk-Garabag sebiti boýunça Azerbaýjan bilen etniki ermenileriň arasyndaky alty hepdelik uruşda premýer-ministriň gözçykgynç bärden gaýtmalara ýol berendigini aýdýarlar. Munuň yzy bilen, Paşiniýanyň wezipeden çekilmegini talap edip ençeme protest çäreleri hem geçirildi.

Russiýanyň araçylyk etmeginde 9-njy noýabrda gol çekilen ylalaşyk esasynda Ermenistan üç onýyllyga golaý wagt bäri Ýerewanyň gözegçiliginde bolan Daglyk-Garabag sebitiniň üç etrabyny - Agdamy, Kalbaçary we Laçyny yzyna, Azerbaýjana tabşyrmaga razy boldy.

Bu ylalaşyk Daglyk-Garabagda we onuň töwereginde harby hereketleri togtatdy. Alty hepde dowam eden çaknyşyklarda 4 müň 700 töweregi adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG