Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nawalnynyň Moskwanyň golaýyndaky koloniýa geçirilendigi aýdylýar


Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny

Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň türme möhletini Moskwanyň golaýyndaky türmede geçirjekdigi barada rus habar serişdelerinde maglumat peýda boldy. Şol bir wagtda, Kremliň tankytçysynyň egindeşleri onuň häzir anyk nirede saklanýandygynyň näbellidigini aýdýarlar.

TASS habar gullugynyň 27-nji fewraldaky maglumatyna görä, Nawalny Moskwanyň 100 kilometr gündogaryndaky Wladimir regionunyň Pokrow şäherindäki türmä äkidilipdir.

TASS, özüniň anonim bir çeşmesine salgylanyp, Nawalnynyň Wladimir regionyna 26-njy fewralda äkidilendigini, şeýle-de onuň ilki karantinde saklanjakdygyny habar berdi. Çeşme onuň eýýäm koloniýa getirilip-getirilmändigi barada hiç zat aýtmady.

Mundan öň, Ýarnowosti habar saýty Nawalnynyň Wladimir regionyndaky Kolçugino deslapky tussaghanasyna ýerleşdirilendigini, şeýle-de onuň soňy bilen Pokrowyň 2-nji düzediş edarasyna geçiriljekdigini habar beripdi.

Russiýanyň türmelere gözegçilik edýän FSIN gullugy Nawalnynyň ýanwaryň ortalaryndan bäri saklanan Moskwanyň tussaghana merekezinden başga bir türmä geçirilendigini 26-njy fewralda tassyklady. Emma FSIN korrupsiýa garşy göreşiji Nawalnynyň 2,5 ýyl türme tussaglygyny anyk haýsy jeza edarasynda çekjekdigi barada hiç zat aýtmady.

Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondunyň (FBK) direktory Iwan Ždanow Nawalnynyň “berk düzgünli koloniýa” geçirilendigini, emma onuň häzir anyk nirede saklanýandygy barada takyk maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

“Biz diňe mediadaky çykan maglumatlary bilýäris” diýip, ol Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Nawalnynyň metbugat-wekili Kira Ýarmyş onuň nirä äkidilendigi barada özlerine resmi maglumatyň berilmändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG