Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Öý hojalykçy aýallar prezidentiň 8-nji mart sowgadyndan mahrum galýar


Illýustrasiýa suraty.

1 – 6-njy mart aralygynda Türkmenistanda “Halkara zenanlar güni” mynasybetli aýal-gyzlara prezidentiň adyndan 60 manat (resmi alyş-çalyş boýunça $17, gara bazarda $2) möçberinde pul sowgatlary gowşurylýar. Öý hojalykçy aýallaryň prezidentiň sowgadyndan nesibesi ýok, sebäbi döwlet baştutanynyň sowgady diňe “pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, ýokary okuw jaýlarynyň gelin-gyzlaryna, mekdeplerde okaýan we çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzlara” gowşurylýar.

Halkara zenanlar gününiň bosagasynda döwlet metbugatynda ýurtda aýal-gyzlaryň deňhukukly, abadan durmuşda ýaşaýandygy aýdylýar. Ýöne bu deňhukuklylykdan ençeme oba zenanlarynyň habary ýok. Bu ýagdaý hiç kime-de syr däl, ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy Güljemal atly bir oba gelininiň mysalynda öý-hojalykçy aýallaryň oba durmuşyny suratlandyrdy.

Ol tamdyrda çörek bişirýär, çagalara ertirlik berip, mekdebe ugradýar, suw daşaýar, hatda ekin-dikine-de, mal-gara-da ýardam berýär. Un tapsaň, tamdyrda çörek bişirmek, çagalara ertirlik bermek, olaryň mekdepde okuw-ýazuw öwrenmekleri, suw tapsaň, ony öýe daşamak, malyň bolsa, ýeriň bolsa olara ideg etmek, elbetde, köpler üçin, türkmen däp-dessurlaryna görä, ullakan bagtdyr. Habarçynyň sözlerinden çen tutulsa, Güljemal gelin öz durmuşynda nalap hem baranok, ýöne bir hakykat – hojalyklardaky işleriň köplenç aýal-gyzlaryň gerdenine ýüklenmegi welin, köpleri oýlanmaga mejbur edýär. Ykdysady kynçylyklar hem bir tarapdan Türkmenistanda maşgalalara agram salýar. Üstesine, habarçynyň sözlerine görä, ykdysady krizis dowam edýän mahaly, oba gelinlerine ýene-de bir goşmaça iş tapyldy – olar çörek üçin ir säher dükanlaryň öňünde nobata-da durmaly.

“Türkmen hojalyklarda gelin halky hemişe hyzmatda bolmaly” diýip, uly ýaşly bir oba ýaşaýjysy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berýär. “Käbir hojalyklarda täze gelen geline şol öýüň guly hökmünde seredýänler hem bar” diýip, beýleki bir oba ýaşaýjysy söze goşulýar.

“Çagany ýaşdan, gelini başdan terbiýelemeli” diýen ýaly gep-gürrüňler sebäpli, gelinleriň kä halatlarda öz ýoldaşlary tarapyndan urulýan halatlary hem bolýar diýip, habarçynyň gürrüňdeşi sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda oba ýerleri bilen deňeşdirilende şäher zenanlarynyň nä derejede deňhukuklydygy barada geçirilen ylmy işleriň, ýa-da pikir soraşyklaryň netijesi elýeterli däl, ýöne aýal-gyzlar üçin oba durmuşynyň kynçylyklary welin döwlet metbugatynyň zenan deňhukuklylygy barada tekrarlaýan sözlerini sorag astynda alýar.

Habarçy obalarda öý hojalykçy aýallaryň 7 gün 24 sagat öý işlerinde işleýändigini aýtdy.

Sowet Soýuzynyň ilkinji günlerinden başlap, Sowet giňişliginde, şol sanda türkmen halkynyň arasynda “döwrebaplaşmak” syýasaty astynda türkmen zenanynyň emansipasiýasy, olaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna aktiw gatnaşdyrylmagy ýaly ugurlarda işler alnyp baryldy. Ýöne aradan 100 ýyl geçse-de, zenanyň maşgaladaky we jemgyýetdäki roly heniz hem gyzgyn meseleleriň biri bolmagynda galýar.

“Eger-de gelin halky haýal hyzmat etse, onda olar gaýyn enelerden igenç eşitmeli bolýar” diýip, diýip oba ýaşaýjysy aýdýar.

“Şäher ýerlerine garanyňda, oba ýerlerinde ýaşmaga uly üns berilýär. ‘Gelin gürlemeli däl’ diýip, onuň ähli hereketlerini gözegçilik astyna alýarlar” diýip, ol sözüne goşdy.

Türkmen däp-dessurlarynda gelinleriň gaýynlardan ýaşynmagy, hususan-da olaryň gaýyn atalaryň hem-de gaýyn agalaryň ýanynda ses çykarmazlygy talap edilýär.

Ýöne döwlet baştutanynyň “Halkara zenanlar güni” mynasybetli aýal-gyzlara berýän sowgadynda öý hojalykçy aýallaryň adynyň tutulmazlygy hojalykçy aýallary biparh goýmaýar.

“Işlemeýän aýalyň öýde hem gadyry bolmaýşy ýaly, hökümet hem olara 8-nji mart mynasybetli sowgat bermeýär” diýip, bir aýal adam Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Hamala, 8-nji mart baýramy diňe işleýän gelin-gyzlara degişli ýaly, bu baýram öýde oturan gelin-gyzlara degişli däl ýaly” diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy.

Sowgat alýan zenanlar hem onuň hözirini görüp baranok. Turkmen.news neşiriniň habaryna görä, Daşogzuň mekdeplerinde gyz okuwçylara berilýän sowgatlyk puluň üçden iki bölegini mekdep administrasiýasy tutup galýar.

Galyberse-de, býujet serişdeleriniň hasabyna döwlet baştutanynyň adyndan aýal-gyzlara sowgat berilmeginiň ýurtda zenan hukuklarynyň ýagdaýy bilen ilteşigi ýok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG