Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Açlyk näme iýdirmez...”: Türkmenistandaky krizis


Aşgabadyň 'Teke bazarynyň' öňünde dilegçilik edýän bir aýal (arhiw suraty)
Aşgabadyň 'Teke bazarynyň' öňünde dilegçilik edýän bir aýal (arhiw suraty)

Türkmenistandaky barha ýitileşýän ykdysady we azyk krizisiniň arasynda pulsuzlykdan kösenýän ilat eklenç-güzeran aladasynda zir-zibilleri dörýär, dilegçilik edýär, şeýle-de käbir aýal-gyzlar mätäçlikden tenlerini satmaga mejbur bolýar.

Azatlygyň dürli regionlardaky habarçylary soňky günlerde azyk harytlarynyň bahalarynyň ýene gymmatlandygyny habar berýärler.

“Türkmenabatda kartoşkanyň 1 kilogramy 8 manada, käşiriňki hem 10 manada çykdy. 1 litr süýdüň bahasy 9 manada galdy. Jylka etiň 1 kilogramy 80-90 manada golaýlady. Tüwi 20 manatdan, 1 kilogram pomidor hem 6 manatdan satylýar” diýip, lebaply habarçylarymyzyň biri 28-nji iýulda merkezi Türkmenabat şäherindäki käbir azyklaryň bahalaryny getirdi.

Şol bir wagtda, paýtagt Aşgabatda döwlet dükanlarynda çäklendirilen görnüşde satylýan azyk önümleriniň ýany bilen başga-da harytlary satyn almaga mejbur edýärler.

“Häzir Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ösümlik ýagy, towuk budy ýaly harytlary alsaň, gapdaly bilen 5 litrlik suwy hem hökmany satyn alaýmaly. Mundan ozal, möhleti geçen kökeleri, 0,5 litrlik gazlandyrylan suwlary hem satyn aldyrýardylar” diýip, aşgabatly çeşmelerimiziň biri anonimlik şertinde 28-nji iýulda gürrüň berdi.

Gepiň gerdişine bellesek, koronawirus ýokanjyny resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistanda dört ýyla golaý wagt bäri ykdysady kynçylyklar dowam edýärdi, pandemiýanyň fonunda fewral aýynda döwlet serhetleriniň ýapylmagy bilen, soňky dört aý töweregi wagt bäri ýurtda adamlaryň eklenç, hususan-da azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy has-da ýitileşdi.

Azatlygyň ýerli habarçylary ýaşaýyş oňşugynyň kynlaşmagy bilen eklenç güzeran aladasynda zir-zibil dökülýän çelekleri dörýän, köçelerde, gapy-gapy aýlanyp dilegçilik edýän adamlary barha köp görse bolýandygyny aýdýarlar.

“Zir-zibil dörýän adamlar esasan çörek ýa-da derege ýarajak, soňra satyp boljak egin-eşikleri, plastik çüýşeleri gözleýärler” diýip, lebaply habarçymyz gürrüň berdi. Bellemeli ýeri, adamlaryň zir-zibil gutularyny dörüp, dilegçilik edip başlandygy baradaky habarlar geçen ýylyň aýagynda peýda bolup başlapdy. Emma bu tendensiýanyň soňky döwür has hem ýaramazlaşandygy aýdylýar.

Bu ýagdaýlaryň fonunda ýetginjek ýaşyna ýetmedik çagalaryň hem, maşgalalaryna goltgy bermek üçin, bazarlarda we ekin meýdanlarynda zähmet çekýändigi nygtalýar.

“Ýaş çagalar söwda merkezleriniň duralgalarynda 1-2 manada ulaglaryň tekelerini, aýnalaryny ýuwup berýärler. Oba ýerlerinde çagalar adamlaryň mal ýataklaryny arassalap, ekin meýdanlarynda işläp gazanç edýärler” diýip, Lebap welaýatyndaky habarçymyz ýagdaýlary suratlandyrdy.

Mundan başga-da, gün-güzeran aladasy sebäpli ýokary klas gyz okuwçylarynyň arasyndan käbirleriniň tenini satýandygy barada hem maglumatlar gowuşýar.

“Bular kynçylykly ýaşaýyş-durmuş şertleri sebäpli bolýar. Men azyndan birnäçe ýagdaýda gyzlaryň alaçsyzlyga uçrap, çörek almak üçin bu işlere baş goşandygyny bilýärin” diýip, Lebapdaky habarçymyz gürrüň berdi. Şol bir wagtda, etiki sebäplere görä bu ýagdaýlaryň jikme-jiklerini açmakdan saklanýarys.

Türkmen häkimiýetleri ýokarda beýan edilenleri tassyklap ýa inkär edip çykyş etmeýärler. Resmi media türkmenistanlylaryň “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” ýaşaýandygy barada yzygiderli reportažlary görkezse-de, zir-zibil dörmäge we dilegçilik etmäge mejbur bolýan ýurt raýatlary barada mesele gozgamaýar.

Şeýle-de, ýurt resmileri Türkmenistanda işsizligiň derejesi, işini ýitiren adamlaryň sany, olary sosial taýdan goramak, gaýtadan hünär bermek we işe ýerleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada-da maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG