Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

SIPRI: 2016-2020 ýarag söwdasy durnukly derejede boldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Stokgolmyň Halkara Parahatçylyk Barlag Instituty (SIPRI) ýaýradan hasabatynda 2016-njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli halkara ýaraglarynyň söwdasynyň derejesiniň öňki bäş ýyllyk döwür bilen deňeşdirilende birneme durnukly bolandygyny, emma Sowuk Uruş gutaraly bäri iň ýokary derejede saklanýandygyny aýtdy.

SIPRI soňky synynda ýarag eksportyny edýän ilkinji bäş ýurduň üçüsiniň - ABŞ-nyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň bäş ýyllyk döwürde iberilen önümleriň sanyny artdyrandygyny, ýöne Orsýetiň we Hytaýyň eksportynyň azalmagynyň ýarag söwdasynyň umumy möçberine täsir ýetirendigini belleýär.

SIPRI, 2001–2005-nji ýyllardan bäri ilkinji gezek ýurtlaryň arasynda esasy ýarag söwdasynyň mukdarynyň artmandygyny aýtdy.

SIPRI-iň habaryna görä, ABŞ ýarag eksportynyň 37 göterimini emele getirip, iň köp eksport ediji bolup galdy. ABŞ-nyň ýaraglarynyň ýarysy Ýakyn Gündogara bardy.

SIPRI-iň habaryna görä, dünýäde ikinji orunda durýan eksportçy Orsýet global ýarag söwdasynyň bäşden bir bölegini emele getirdi, ýöne 2011-2015-nji ýyllar bilen deňeşdirilende satuwy 22 göterim azaldy, bu esasanam Hindistan tarapyndan edilýän importyň ep-esli azalmagynyň hasabyna boldy.

XS
SM
MD
LG