Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbataryň tankytlarynyň we sanksiýalarynyň arasynda Hytaý we Russiýa agzybirlik görkezýärler


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) we Hytaýyň döwlet geňeşçisi we daşary işler ministri Wan Ýi Hytaýdaky duşuşykda, 22-nji mart, 2021
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) we Hytaýyň döwlet geňeşçisi we daşary işler ministri Wan Ýi Hytaýdaky duşuşykda, 22-nji mart, 2021

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri duşuşyk geçirip, agzybirlik görkezdiler we adam hukuklarynyň bozulmagy hem başgaça pikirdäkilere garşy syýasy fonunda BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalarynyň sammitini geçirmäge çagyryş etdiler.

Wan Ýi we Sergeý Lawrow 23-nji martda Pekinde geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda Günbataryň tankytlaryny ret etdiler. Lawrow ABŞ Sowuk Uruş döwrüniň harby syýasy bileleşiklerine daýanyp, halkara hukuk arhitekturasyny ýok etmäge synanyşýar diýip, Russiýa bilen Hytaýyň pikir edýändigini aýtdy.

Bilelikdäki beýanynda Lawrow we Wan ýurtlaryň içerki işlerine daşardan gatyşmak diýip häsiýetlendiren hereketlere garşylyk bildirdiler we "demokratik model üçin ýeke bir standartyň ýokdugyny" aýtdylar.

Bilelikdäki beýannamada "öz ygtyýarly döwletleriň öz ösüş ýoluny özbaşdak kesgitlemegi üçin kanuny hukuklaryna hormat goýmak zerurdyr. Demokratiýany öňe sürmek bahanasy bilen özygtyýarly döwletleriň içerki işlerine gatyşmak kabul ederliksiz" diýilýär.

Wang Hytaýyň uzak günbatar Sinszýan sebitinde esasan musulman etniki uýgur jemgyýetiniň adam hukuklarynyň bozulmagy sebäpli Ýewropa Bileleşigi, Britaniýa, Kanada we Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan hytaý resmilerine garşy bilelikde girizilen sanksiýalary ýiti tankytlady.

Iki ýurduň daşary işler ministrleri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalarynyň sammitini geçirmäge çagyryş etdiler.

XS
SM
MD
LG