Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Käbir döwlet edara-kärhanalary iş orunlaryny kemeldýär, býujet işgärleriniň aýlyklarynyň bir bölegi haryt bilen tölenýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda käbir döwlet edara-kärhanalary iş orunlaryny kemeldýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy Farap etrabynyň jemagat gulluklarynyň, obalarda tehnikalara hyzmat ediş edaralarynyň, elektrik energiýasy bilen üpjünçilik kärhanasynyň hem-de etrap gaz üpjünçilik edarasynyň öz işgär sanyny 30 göterim kemeltmegi duýdurýandygyny habar berýär. Onuň sözlerine görä, orta mekdepleriň üpjünçilik bölümlerinde-de işçi sany azaldylýar.

Şol bir wagtyň özünde, habarçy welaýatyň çäginde ýerleşýän käbir iri pagta egriji dokma kärhanalarynyň we pagta arassalaýjy zawodlaryň iş tertibiniň möhletini gysgaldýandygyny, olaryň 12 aý möhletli iş tertibinden 6 aý möhletli iş tertibine geçýändigini habar berýär.

Onuň sözlerine görä, dokma kärhanalaryndaky we pagta arassalaýjy zawodlardaky soňky üýtgeşmeler pagta ýetmezçiligi bilen ilteşdirilýär.

Onsuz hem, Lebap welaýataynyň býujet edaralarynda pandemiýanyň fonunda köp sanly işçiniň öz işini ýitirendigi habar berilýär.

“Soňky bir ýylyň dowamynda pandemiýa bilen baglylykda Lebap welaýatynyň döwlet edaralarynda we hususy taraplarda tas 50 göterim işçi öz işini ýitirdi” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, sebitiň edara-kärhanalarynda 60 ýaşdan geçen işçiler mejbury pensiýa ugradydy.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ýurtda işsizligiň hakyky derejesini görkezýän sanlary çap etmeýär.

Bu aralykda käbir döwlet edaralary işgärleri bilen nagt hasaplaşmakda kynçylyk çekýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, şu aý Darganata etrabynyň magaryf işgärleriniň we lukmanlaryň aýlyklarynyň 50 göterimi Türkmenistanda öndürilen azyk harytlar, tekstil önümleri, plasmast gap-çanaklar we lampoçkalar bilen tölenip başlandy.

“Bu harytlara hyrydar ýok. Bular dükan tekjelerinde tozap ýatan harytlardyr. Býujet işgärleri närazy bolýarlar” diýip, bir Lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde, onuň sözlerine görä, býujet işgärleri bu harytlary satmak üçin netijesiz synanyşyk edýärler.

“Mugallymlar we lukmanlar mejbury berilýän bu harytlary bazarlarda satmakda uly kynçylyk çekýärler” diýip, lebaply ýaşaýjy sözüne goşdy.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan býujet işgärleri aýlyklaryň ýarysyna derek, özlerine haryt berilmeginden şikaýat edýärler.

“Alty gün işländen soňra, dynç günleri bazarda zat satmandyk” diýip, daraganatly bir magaryf işgäri şikaýat etdi.

Onuň sözlerine görä, mundan beýläk her aý aýlyklaryň ýarysynyň haryt bilen töleniljekdigi aýdylýar.

Täze üýtgeşmeler boýunça Lebap welaýatynyň häkimligi beýanat bermeýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji fewralda deputatlaryň öňünde eden çykyşynda koronawirus pandemiýasynyň dünýä ykdysadyýete ýetiren zyýanyndan söz açyp, tutuş dünýäde pandemiýanyň fonunda 500 million iş ornunyň ýitirilendigini aýtdy. Ýöne döwlet baştutany pandemiýanyň Türkmenistanda iş orunlaryna täsir ýetirip-ýetirmändigini äşgär etmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG