Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşy zawodyna ýene täze başlyk bellendi, 'tölegsiz dynç alýan işçileriň' ýagdaýy belli bolmady


TDH-nyň suraty
TDH-nyň suraty

Azatlygyň habarçysy geçen ýylyň sentýabrynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 500 işçisini aýlyksyz dynça alşa uradandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti Döwran Çişiýewi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine bellemek baradaky karara gol çekdi, Azatlygyň habarçysy bu kärhananyň işçileriniň kyn ýagdaýyndan habar berýär. Bu aralykda, Lebabyň ýag-ýangyç guýujy stansiýalarynda gaýtadan benziniň gytçylygynyň dörändigi we degişli pudakdaky 500 çemesi işgäriň wezipesinden boşadylandygy barada maglumat gowuşýar.

Döwlet eýeçiligindäki medianyň maglumatyna görä, Türkmenbaşynyň zawodlar toplumynda “ýurduň esasy eksport potensialyny düzýän etilirlenmedik awtobenzinler, awiasion we tehniki kerosin, reaktiw we dizel ýangyçlary, mazut, çalgy ýaglary ýaly köpsanly nebithimiýa önümleri öndürilýär”.

Çişiýew golaýda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenen Batyr Amanowyň ornuna başlyk bellendi.

Amanow bu zawodyň ýolbaşçylygyna geçen ýylyň 2-nji sentýabrynda, nobatdaky baş direktor Ýazmyrat Muhammetmyradow “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadylandan soň bellendi. Ol mundan öň “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary bolup işleýärdi.

Azatlygy habarçysy şol wagt, 2019-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 500 töweregi işçisini aýlyksyz dynça alşa uradandygyny habar berdi.

Şeýle-de habarçy, zawoddaky çeşmä salgylanyp, kärhanada 20 töweregi garawulyň we tämizlik işgäriniň alnyp galynandygyny, ýöne olaryň hem oktýabr aýyndan tölegsiz zähmet rugsadyna ugradyljakdygyny aýtdy.

“Daşary ýurtlardan maýa goýlup, düýpli bejeriş işleri geçirilmese, Türkmenistanda bu zawodyň täzelemeli enjamlaryny satyn almaga maliýe serişdesi ýok. Şol sebäpli zawodyň işi häzirlikçe togtadylypdyr” diýip, anonimlik şertinde gürleşen resmi Azatlyga ýagdaýyň çylşyrymlydygyny gürrüň berdi.

Bellesek, bu kärhana 1942-1943-nji ýyllarda, uruş wagtynda Russiýadan ewakuasiýa edilen zawodyň enjamlary esasynda gurlupdy.

Bu aralykda, Azatlygyň Lebap welaýtyndaky habarçysy Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 500 töweregi işgäriniň hem şu aýyň başynda iş orunlaryny ýitirendigi barada maglumat berdi.

“Işgärlere Balkanabatdan çyg malyň gelmeýändigi we pandemiýanyň fonunda dünýäde benzine bolan talabyň azalandygy sebäpli, ştat orunlarynyň kemeldilýändigi aýdyldy. Ozalky işgärlere hiç hili kömek edilmedi. Tersine, martda işlän günleriniň zähmet haklary hem tölenmedi. Resmiler ‘başga iş gozläberiň’ diýip goýberdiler” diýip, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň golaýda wezipesinden boşadylan işgärleriniň biri anonimlik şertinde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmen resmileri ýurduň nebit senagatynyň iň esasy kärhanalarynda dörän ýagdaý, yz-yzyna ýolbaşçy täzelenmeginiň sebäpleri barada hiç bir düşündiriş bermeýärler.

Bu aralykda, Lebap welaýatynyň etraplaryndaky ýangyç guýujy nokatlarda benzin gytçylygy täzeden ýitileşip başlady.

“Welaýatda ECO-93 markaly benzin doly satuwdan ýitdi. A92 we A80 markaly benzinlere seýrek ýagdaýda duş gelse bolýar. Farap we Çärjew etraplarynyň stansiýalarynda A95 markaly benzin irden sagat 09-a çenli tamamlanýar. Indi oba-hojalyk tehnikalary üçin hem ýangyç tapdyrmaýar” diýip, Lebapdaky habarçylarymyzyň biri 27-nji iýulda gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, beketlerde benzin tapdyran ýagdaýynda-da, onuň üçin uzyn ulag nobatlary döreýär.

Geçen ýylyň dekabrynda Hytaýdan uç alan koronowirus pandemiýasy we esasy nebit öndüriji ýurtlaryň arasynda dörän ylalaşmazlyklar zerarly energiýa nyrhlarynyň aşak gaçmagy ozal hem gaz alyjylaryny ýitiren we agyr kynçylykda galan türkmen ykdysadyýeti üçin ýene bir urgy boldy.

Emma muňa garamazdan, türkmen resmileri şu ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça beren hasabatlarynda hiç bir kynçylygy agzamadylar.

Türkmen resmileriniň tassyklamagyna görä, hasabat döwründe “nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň meýilnamasy 108,3%, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 100,4%, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,5%, benzin önümçiliginiň meýilnamasy 109,2%, dizel ýangyjynyň önümçiliginiň meýilnamasy 103,6% ýerine ýetirilipdir.”

5-nji iýunda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halkara bazarlarynda nebit bahasynyň has pese düşendigini ýene bir gezek ýatlatdy we, çykalgany nebit-gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän mukdaryny yzygiderli artdyrmakda, bu önümleri daşarky bazarlarda ýerlemegiň strategiýasyny kesgitlemekde görýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG