Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ilkinji bolup serb BTR-lerini satyn aldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistan Serbiýadan “Lazar 3” kysymly bronetrasportýorlary satyn alan ilkinji daşary ýurt döwleti boldy. Bu barada ruserbia internet neşiri Serbiýanyň Moskwadaky ilçisi Miroslaw Lazanskiniň sözlerine salgylanyp, 23-nji martda habar berdi.

Maglumatda Türkmenistana satylan bronetrasportýorlaryň, ýagny pyýada goşun esgerlerini söweş meýdanyna äkitmek üçin ýokary geçiş ukyply bronlanan ulaglaryň sany we olaryň bahasy barada hiç zat aýdylmaýar.

Ilçiniň sözlerine görä, mundan öň “Lazar 3” bilen diňe Serbiýanyň goşuny üpjün edilipdir.

“Lazar-3” bu 8х8 teker formulaly we STANAG V/IV goranyş ulgamly BTR ulagydyr. Oňa 30 mm awtomatiki ýaragy, 12,7 mm ýa-da 7,62 mm pulemýotlary, şol sanda PTUR, ýagny tanklara garşy dolandyrylýan raketany hem ornaşdyryp bolýar. Bronetrasportýoryň ekipažy 3 adam bolup, onuň 9 esgeri daşamaga ukyby bar.

Türkmen resmi habar serişdelerinde bu ýarag söwdasy barada maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG