Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranyň demirgazygynda howpsuzlyk güýçleri ýerli türkmenleriň protestini dargadýar (WIDEO)


Eýranda polisiýa türkmenleriň protestini dargatdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:23 0:00

Eýranda polisiýa türkmenleriň protestini dargatdy

Eýranyň demirgazygynda, esasan, etniki türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan ýeri Kümmet Howuz (Gümmetkowus) şäherinde, 23-nji martda kanun goraýjy güýçler ýerli ýaşaýjylaryň protest hereketlerini basyp ýatyrdylar. Kümmet Howuz şäheriniň ýaşaýjylarynyň närazylyk protesti 55 ýaşly bir adamyň, ähtimal, etniki türkmenlerden bolan iki ýaş gyza garşy jynsy gatnaşyk etmegi bilen baglanyşykly ýüze çykypdyr.

Türkmenistan bilen serhetleşýän Gülüstan welaýatyndaky Kümmet Howuzda gozgalaňlar çarşenbe güni, ýerli häkimiýetler 7 we 8 ýaşly ýaş gyzlary jyns taýdan zorlamakda aýyplanýan adama hiç bir çäre görmäninden soň başlanypdyr.

Azatlyk bilen habarlaşan ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, gyzlar etniki türkmenlerden bolmaly. Häkimiýetler ol adamyň milletini açyp görkezmeýärler, ýöne 370000 adamlyk şäheriň esasy bölegini emele getirýän ýerli türkmenler onuň etniki eýranlydygyny öňe sürýärler.

Ýüze çykan bidüzgünçiliklerden soň, ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, howpsuzlyk güýçleri protestleri basyp ýatyrmak synanyşygy bilen baglanyşykly, çagalara jynsy taýdan zorlukda aýyplanýan şol adamy tussag edipdir.

Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideoda, Eýranyň howpsuzlyk güýçleri bilen ýüzbe-ýüz bolýanlaryň garşylygy görkezilýär hem türkmençe sözler eşidilýär.

Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy 24-nji martda birnäçe demonstrantçynyň tussag edilendigi barada, Eýranyň resmi habar çeşmelerine salgylanyp habar berdi. Ýöne tussag edilenleriň takyk sany görkezilmedi.

Kümmet Howuz şäherindäki protestler hem tolgunyşyklar bilen baglanyşykly Gülüstan welaýatynyň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň başlygy islendik howpsuzlygy ýa-da tertip-düzgüni bozmak synanyşygynyň «derrew öňüniň alynjakdygyny» aýtdy.

Hepdäniň başyndan bäri ýerli ýaşaýjylar Kümmet Howuzdaky şäher kazyýetine baryp, kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy jynsy gatnaşykda aýyplanýan adamyň jogapkärçilige çekilmegini talap etdiler. Sişenbe güni bolsa hukuk goraýjy edara olary dargadyp başlady.

Kümmet Howuz Türkmensähra atlandyrylýan sebitiň esasy şäherlerinden biridir. Ol Türkmenistan bilen serhetleşýär hem türkmenleriň aglaba köplükde ýaşaýan ýeridir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG