Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda mallar aç, gotur açýar. Ýarawsyz sygyrlaryň 'arzan eti' Aşgabada aşyrylýar


Oba görnüşi. Bezeg suraty
Oba görnüşi. Bezeg suraty

"Şu gün sürüde bäş sygyr öldi, ot bolmansoň, beýleki mallaram ysgynsyz. Eýelerine jaň edip, mallarynyň haram ölendigini aýtsak, käbiri 'haky ýok, hol gün siz bilen gürleşemde hem jany sagdy' diýýär. Bir gezek gelmän, telefonda malynyň saglygyny soraýan adamlaram bar" diýip, çopan zeýrendi.

Ýurt içinden gelýän habarlar hususy maldarlaryň, çopanlaryň hem ýyl başyndan uly kösençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny görkezýär.

Azatlygyň Lebapdaky habarçylary biraz öň täze doglan owlak-guzularyň howanyň aşa sowamagy netijesinde köpçülikleýin ölendigini, çekilen zyýanyň alaçsyz galan, ozalam kyn şertlerde işleýän çopanlaryň hasabyna ödelýändigini habar berdiler. Indi bu ýagdaý gara mallary bakýan çopanlaryň hem başyna gelene meňzeýär.

Çöl ýerlerde bakylýan hususy mallar köpçülikleýin gotur açýar diýip, şu gün Marydan gelen habarda aýdylýar.

Türkmengala, Ýoleten etraplarynda weterinarlaryň, mal doktorlarynyň ählisi ýatymlyk çöl ýerlerdäki öri meýdanlaryna gitdi, olar gotur açan mallara sanjym edýärler diýip, habarçy bilen gürleşen adamlar aýtdylar.

Meýdandaky ýagdaýy bilýän adamlaryň sözlerine görä, çöl ýerlerde mallar üçin ýeterlik ot ýok, bolanja otlar hem gurady.

"Sebäbi ýagyn ýagmaýar, mallar gaty horlanýar we olaryň derilerinde gotur açma başlanýar, adamlar näme etjeklerini bilmeýärler" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy radio bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Wetirinarlar mallary gotur açmadan gutarmak üçin sanjym dermanlaryny berýärler, ýöne mallar dertden biraz saplansa hem mesele çözülmeýär, sebäbi ýagyn ýagmasa, ot bolmasa, olary bazara çykaryp, deger-degmez bahadan satmakdan başga alaç galmaýar diýip, mal eýeleri aýdýar.

Mallar köpçülikleýin keselläp başlanda, biz mal eýelerine habar ýetirdik, olaryň açlykdan keselleýändigini, çölde ot ýokdugyny, her kimiň öz malyny işigine alyp agýdyp, şol ýerde elin seretmelidigini aýtdyk diýip, habarçy bilen gürleşen çopan emele gelen ýagdaýy düşündirdi.

Onuň sözlerine görä, başaran adamlaryň köpüsi malyny alyp gitdi, ýöne malyny äkidip, işiginde seredip bilmejek adamlar "weterinar çagyryp, özüň seret, biz puluny bereris" diýdiler. Ýöne ozalam kyn ýagdaýdaky adamlaryň mal ýitgileri çopanlar bilen arada ynanmsyzlygyň, agyr dawalaryň döremegine alyp gelýär.

"Şu gün sürüde bäş sygyr açlykdan horlanyp öldi, ot bolmansoň, beýleki mallaram ysgynsyz. Biz ölen mallaryň eýelerine jaň edip, mallarynyň haram ölendigini aýtsak, olaryň käbiri 'haky ýok, hol gün siz bilen gürleşemde hem jany sagdy' diýýär. Bir gezek gelip görmän, telefonda malynyň saglygyny soraýan adamlaram bar" diýip, çopanlaryň biri zeýrendi.

Onuň sözlerine görä, bu hili dawa edýän adamlar hökümetde, korrupsiýa mümkinçiligi köp bolan wezipelerde işleýän we köplenç bir 'edarany sagyp oturan' emeldarlar bolup çykýar.

"Bu hili adamlaryň käbiriniň diňe biziň bakýan sürümizde 35-40 sany maly bar we, bilşimizden, beýleki sürülerde hem mallary bar" diýip, çopan sürüde 2-3 maly bolan adamlaryň jaň edip, malyň öldi diýseň, 'wah-eý, bolmandyr, başa gelenini sowsun, sende günä ýok, wagtynda bize mallar aç, alyp git diýip aýtdyň' diýýändigini gürrüň berdi.

Emma wezipeli adamlaryň käbiri, çopanyň sözlerine görä, mallaryň ýagdaýy barada özlerine öňünden hiç zat aýdylmandygyny aýdyp, haram ölen mallarynyň öweziniň çopanyň öz mallarynyň hasabyna doldurylmagyny talap edýärler.

"Sen bize hiç zat aýdaňok, öz işigiňdäki mallardan al-da, meniňkä derek sürä goş, bolmasa eşitdim-eşitmedim diýme diýip, haýbat atýanlaram bar" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran çopan gürrüň berdi.

Habarçy bilen gürleşen mal doktorlary hem çopanlaryň aýdýanlaryny tassyklaýar.

"Meýdanda ot bolmasa, mallaryň garny aç bolsa, biz nähili sanjym etsek-de, peýdasy az, sebäbi derman bilen mallary doýrup bolmaýar" diýip, ýerli weterinar aýtdy.

Şu aralykda, mallaryň düşen ýagdaýy sebäpli, arzan et söwdasy hem güýçlenip başlady. Baýramaly etrabyndan ulagly gelip, mal eýeleriniň käbiri mallaryny meýdanda soýduryp, satmaga başlady.

Bu söwdadan habarly adamlar et nyrhynyň häzir gowudygyny, ysgyndan gaçan, ýarawsyz sygyrlaryň etini kilogramyna 64 manatdan Aşgabada äkidip satýandyklaryny, mal eýeleriniň ulagly gelýänler bilen gürleşip, biziňkinem satyp ber diýýändiklerini aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri mallaryň keselçilik, açlyk ýa sowuk zerarly köpçülikleýin gyrylýandygy barada syzyp çykan maglumatlara düşündiriş bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG