Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň öňki wise-premýeri we nebit-gaz ministri Nazar Söýünow aradan çykdy


Nazar Söýünow
Nazar Söýünow

25-nji martda, 85 ýaşynda Türkmen hökümetiniň başlygynyň öňki orunbasary Nazar Söýünow aradan çykdy.

Nazar Toýlyýewiç Söýünow 1990-njy ýyldan 1994-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Prezident Geňeşiniň agzasy, ýangyç, ykdysady toplum we senagat komitetiniň başlygy, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, nebit we gaz ministri boldy. 1994-nji ýylyň sentýabr aýynda işinden boşadyldy.

1995-nji ýyldan bäri Söýünow Orsýetde ýaşady. 1997-nji ýyldan bäri türkmen häkimiýetlerini açyk tankyt edip çykyş etdi.

1998-nji ýylda Orsýetiň Döwlet Dumasynyň 2-nji çagyryşynyň deputaty Telman Gdlýanyň kömekçisi bolup işledi.

Nazar Söýünow daşary ýurtdaky watandaşlar bilen gatnaşyklar boýunça "Rodina" birleşiginiň ýerine ýetiriji komitetine ýolbaşçylyk etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG