Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa türkmen pomidorlarynda tapylan wirus sebäpli, olaryň importyny çäklendirip biljekdigini duýdurýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň Rosshelnadzor gullugy Türkmenistandan import edilýän pomidorlarda ençeme gezek pomidor goňur rugoza miwesi wirusynyň (ToBRFV) tapylandygyny aýtdy, şeýle-de geljekde bular ýaly ýagdaýlar gaýtalansa, onda türkmen pomidorlarynyň importyna çäklendirmeleriň girizilip bilinjekdigini duýdurdy.

Bu mesele dogrusynda, 26-njy martda Rosshelnadzoryň wekilleri bilen Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmileri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Rosshelnadzoryň resmi websaýtynda maglumat berilýär.

Rus resmileri Türkmenistandan getirilýän pomidorlarda ençeme gezek wirusyň tapylandygyna alada bildiripdirler, şeýle-de bu mesele dogrusynda ozal hem türkmen tarapyny habarly edip, degişli barlaglaryň geçirilmegini sorapdyrlar.

Türkmenistan bu barlaglary geçirer ýaly özlerinde degişli tehniki mümkinçiligiň ýokdugyny aýdypdyr. Rosshelnadzor öz gezeginde, Russiýada wiruslary ýüze çykarmak boýunça geçirilýän barlaglar dogrusynda iki ýurduň bilermenleriniň arasynda maslahaty geçirmegi teklip edipdir.

XS
SM
MD
LG