Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwadaky türkmen-rus gepleşiklerinde COVID-19 agzaldy


Türkmenistanyň wise-premýerleri daşary işler ministri Reşit Meredow we ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşigi, Moskwa, 1-nji aprel, 2021

1-nji aprelde Moskwada Türkmenistanyň we Orsýetiň hökümet resmileri duşuşyk geçirdi.

Resmi maglumata görä, iki aýra duşuşykda Türkmenistanyň wise-premýerleri daşary işler ministri Reşit Meredow we ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow, Orsýetiň premýer-ministri Mihail Mişustin we daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşik geçirdiler.

Türkmenistanyň daşary işler minisitrliginiň resmi maglumatynda agzalan takyk meseleleriň arasynda Türkmenistanda geçirilmegi planlaşdyrylýan Hazarýaka döwletleriniň altynjy sammitine taýýarlyk we Hazar deňzi, şol sanda ekologiýa hem howpsuzlyk boýunça problemalaryň maslahatda gozgalandygy aýdylýar. Şeýle hem, ylym, bilim we lukmançylyk ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek mümkinçilikleri göz öňünde tutuldy.

Orsýetiň daşary işler ministrliginiň resmi maglumatyna görä, koronawirus keseli we oňa garşy göreş meselesi gozgalypdyr.

"Biziň dostlugymyz we raýdaşlygymyz koronawirus ýokançlygyna garşy göreşde özüni doly görkezdi. Birek-biregimize kömek we goldaw berdik" diýip, Sergeý Lawrow aýtdy.

Orsýetiň DIM-niň resmi websaýtynda ýerleşdirilen wideoda duşuşygyň gidişinde Reşit Meredow Orsýet Federasiýasynyň Türkmenistana koronawirus pandemiýasynyň global howpuna garşy durmakda ýardam berendigini aýdyp, minnetdarlyk bildirdi.

"Biz minnetdar. Men muny hökümetde-de aýtdym, hut Orsýetiň Türkmenistana ilkinji bolup, şeýle dostlukly gumanitar ýardam edendigini, munuň kyn bolan wagtynda PSR testleri berendigini aýtdym. Biz Orsýetden umuman 186 müň töweregi test sistemasyny aldyk, olardan 129 sany muzdsuz esasda" diýip, Reşit Meredow aýtdy.

Reşit Meredow COVID-19 garşy göreş ýardamy uçin Orsýete minnetdarlyk bildirdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:48 0:00

Türkmenistan koronawirusyň ýurtda hasaba alynmagyny aýdýar. Ýanwar aýynda Türkmenistan iki sany rus waksinasyny resmi hasaba aldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik ugurda, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşypdyr. Regional we halkara bileleşikleriň çägindäki, ilkinji nobatda BMG, ÝHHG, GDA we beýleki platformalarda hyzmatdaşlyga degişli meseleleri ara alnyp maslahatlaşypdyr.

Şeýle-de, Orsýetiň DIM-niň resmi maglumatynda "örän amatsyz global ykdysady ýagdaýa garamazdan", iki ýurduň özara söwda dolanyşygynyň 40% ösendigi aýdylýar.

Moskwadaky türkmen-rus gepleşiklerinde taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelilidigini bellediler we biologiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Türkmenistan hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Memorandumyna gol çekdiler.

30-njy mart – 2-nji aprel aralygynda Moskwada türkmen-rus hökümetara iş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek üçin sapar edýär Türkmenistanyň resmi toparynyň düzümine Serdar Berdimuhamedowy goşmagy prezident Gurbanguly Berdimuhamedow karar etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG