Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýe italiýan premýer-ministriniň Erdogan baradaky ‘elhenç’ sözlerini ýazgarýar


Won der Leýen oturgyçlarda baryp oturan erkeklere syn edip duran ýerinden, "Ahem" bilen reaksiýa bildirdi.

Türkiýe Italiýanyň premýer-ministriniň 8-nji aprelde prezident Rejep Taýyp Erdogany diktatora deňemegini ýazgardy we Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli ýolbaşçysynyň şu hepde Ankara çemeleşmesiniň "ýerliksiz" bolandygyny aýtdy.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula Won der Leýen we Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel 6-njy aprelde Türkiýe-ÝB gatnaşyklary barada gepleşik geçirmek üçin Erdogan bilen duşuşdy.

Myhmanlary Erdogan bilen geçiriljek maslahat üçin uly otaga alyp gitdiler, ýöne üç lidere ÝB we türk baýdaklarynyň öňünde diňe iki oturgyç goýuldy.

Won der Leýen oturgyçlarda baryp oturan erkeklere syn edip duran ýerinden, "Ahem" bilen reaksiýa bildirdi. Soň onuň öz erkek kärdeşlerinden uzakda, aýratynlykda bir uly diwanda oturandygy göründi.

Ankara ÝB-niň iň uly ygtyýarly ýolbaşçylarynyň biri bolan Won der Leýeni jynsy taýdan äsgermezlik edendigi baradaky aýyplamalary ret etdi.

Italiýanyň premýer-ministri Mario Draghi 8-nji aprelde Rimde geçirilen metbugat ýygnagynda "Prezident Won der Leýeniň ýüzbe-ýüz bolan kemsitmesinden özüniň örän nägile bolandygyny" aýtdy.

Şeýle-de Draghi "diktatorlar" bilen açyk gürleşmegiň möhümdigini aýtdy.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu muňa jogap edip, Türkiýäniň Draginiň "kabul edip bolmajak populistik sözlerini we ýigrenji we esassyz aýyplamalaryny berk ýazgarýandygyny" aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG