Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Lawrowyň çykyşlarynda 'islendik sözüň' aýdylyp bilinjekdigini aýdýar


Sergeý Lawrow
Sergeý Lawrow

Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Kreml bir gün öň amerikan syýasatyny "kütek" diýip atlandyran daşary işler ministriniň sözleri bilen ylalaşýarmy ýa-da ýokmy diýen soraga jogap berip, Sergeý Lawrowyň "hakykatda islendik söz düzümini" ulanyp biljekdigini aýtdy.

Peskowyň pikiriçe, Lawrowyň sözleri ABŞ-nyň Russiýa babatda alyp barýan "öňünden aýdyp bolmajak, agressiw, gödek we dostluksyz" syýasatyna degerli jogap bolup durýar.

"Ministr, hemişe bolşy ýaly, öz sözlerinde jaýdar bellik edýär" diýip, prezidentiň metbugat sekretary aýtdy.

Habar beriş serişdeleri Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň başlygynyň mundan öňem öz aýdýan sözlerinde seresap boljak bolmandygyny, özüni çäklendirmändigini belleýär.

XS
SM
MD
LG