Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ozalky türkmen türgeni Ýewropada çempion boldy


Türkmen ýaşlary. Bezeg suraty

29 ýaşyndaky Daniýar Ysmaýylow 7-nji aprelde Moskwada geçirilen ýaryşlarda Ýewropanyň çempiony boldy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar gullugyna salgylanyp habar berýär.

Türkmenabatda doglan we Türkiýäniň saýlama toparynda çykyş edýän ştangaçy 160 kilogramlyk ştangany galdyryp, ýewropa rekordyny goýdy. Ol 341 kilogram möçberindäki agyrlygy göterip, altyn medala eýe boldy.

Ysmaýylow 2012-nji ýylda geçirilen London olimpiadasynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň hatarynda çykyş edipdi.

Türkmenistanda sporta, sport desgalaryna uly döwlet serişdeleriniň goýberilýändigi baradaky tassyklamalara garamazdan, Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylar, türgenler we tälim berijiler ýurt içinde sport bilen meşgullanýan ýaşlara hakykatda zerur bolan şertleriň döredilmeýändigini aýdýarlar.

Aýdylmagyna görä, bu ýagdaý Gurban Berdiýew ýaly tejribeli trenerleriň, Daniýar Ysmaýylow ýaly Rio oýunlarynda kümüş medal gazanan türgenleriň dogduk ýurdundan gidip, başga ýurtlaryň baýdagy astynda çykyş etmegine sebäp bolýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG