Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus howpsuzlyk agentleri tanymal derňew žurnalistiniň öýüni dökdi


Roman Anin, 23-nji sentýabr, 2009
Roman Anin, 23-nji sentýabr, 2009

Rus howpsuzlyk agentleri ýurduň iň tanymal derňew žurnalistleriniň biriniň öýüni döküp, ony sorag etmek üçin alyp gitdi.

Aklawçysynyň we redaksiýa toparynyň aýtmagyna görä, bu çäre onuň Orsýetdäki iň güýçli adamlaryň biri barada geçiren derňewleri bilen baglanyşykly.

"iStories" neşiriniň baş redaktory Roman Anin 9-njy aprelde Moskwadaky kwartirasy dökülenden soň, FSB, Federal howpsuzlyk işgärleri tarapyndan, "wezipe-borçlaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak bilen şahsy durmuşyň eldegrilmesizligini bozandygy" baradaky derňewler sebäpli, Derňew komitetine äkidildi diýip, aklawçysy Anna Stawitskaýa aýtdy.

“iStories” özüniň Telegram kanalynda Anin barada iň soňky eşiden zadynyň onuň öýüniň dökülmeginiň 2016-njy ýylda açylan öňki kazyýet işi bilen baglanyşykly bolup biljekdigi barada bolandygyny habar berdi. Bu iş onuň “Nowaýa gazetada” döwlet eýeçiligindäki “Rosneft” kompaniýasynyň başlygy Igor Seçiniň bahasy 100 million dollar bolan ýahta bilen baglanyşygy barada çap edilen makalasyndan soň açyldy.

Anin ozal iň meşhur oppozisiýa gazeti bolan "Nowaýa Gazetada" işleýärdi. Seçin onuň ýazan makalasynda aýdylýan zatlardan şikaýat edeninden soň, gazet töhmet atmakda günäli tapyldy.

"Nowaýa Gazetanyň" redaksiýa geňeşi beýanat çap edip, bu derňew işiniň mart aýynda, “Rosneft” "Istories" neşirine garşy şikaýat arzasyny ýazanyndan soň açylandygyny aýtdy.

"Häzirki wagtda Roman Anin bilen bagly bolup geçýän zatlaryň ählisi ar alyş bolup durýar" diýip, redaksiýa geňeşi aýtdy.

Anine garşy görlen çäre onuň FSB başlygynyň täze orunbasary Sergeý Korolewiň rus guramaçylykly jenaýat toparlarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen baglanyşykly bolandygy barada çap edilen derňew makalasynyň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG