Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran Natanz ýadro desgasynda "hadysa” bolandygyny aýdýar


Ýer astynda ýerleşýän Natanz desgasy Eýranyň uran baýlaşdyrmak programmasynyň özeni diýip bilinýär.

Urany has çalt baýlaşdyrýan kämil sentrifugalary işe girizeninden bir gün soň, 11-nji aprelde Eýranyň Natanz ýadro desgasynda elektrik meselesiniň ýüze çykandygy habar berildi.

Dünýä döwletleri bilen baglaşylan we çekeleşige düşen ýadro ylalaşygy baradaky gepleşikleriň arasynda bu Tähranyň iň ygtybarly goralýan ýerleriniň birinde bolan soňky hadysa boldy.

"Bu hadysa adam pidasyna-da, howa hapalanmasyna hem sebäp bolmady" diýip, Eýranyň Ýadro energiýasy guramasynyň metbugat sekretary Behrouz Kamalwandi aýtdy. Ýöne ol "Natanz desgasyndaky elektrik toguna täsir ýetendigini” hem sözüne goşdy.

Geçen ýyl Natanz ýadro desgasynda ýangyn dörände hökümet muny Eýranyň ýadro programmasyna päsgel bermek synanyşygy hökmünde häsiýetlendiripdi.

Ýer astynda ýerleşýän Natanz desgasy Eýranyň uran baýlaşdyrmak programmasynyň özeni bolup, BMG-niň ýadro gözegçilik gullugy bolan Halkara atom energiýasy guramasynyň gözegçileriniň gözegçiligi astynda saklanýar.

Eýran bu ýere edilen hüjümi we beýleki hüjümleri özüniň sebit duşmany Ysraýyldan görýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG