Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Nawalnynyň şahsy lukmanyna jerime salyndy


Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň şahsy lukmany we ýarany Anastasiýa Wasiliýewa IK-2 düzediş koloniýasyna tarap barýar. 6-njy aprel

Tussaglykdaky rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň şahsy lukmany Anastasiýa Wasiliýewa, geçen hepde Kremliň tankytçysynyň saklanýan türmesine baryp görmek synanyşygy bilen baglylykda, jerime salyndy.

Wladimir regionynyň Petuşki etrap sudy 12-nji aprelde “Lukmanlaryň Ýaranlygy” arkalaşygynyň başlygy Wasiliýewa “düzediş edarasynyň öňünde adamlaryň üýşmeleňini gurnap, transportyň gatnawyna päsgelçilik döredendigi üçin” diýen kesgitleme bilen, 180 müň rubl ($2320) möçberinde jerime saldy.

Wasiliýewanyň aklawçysy suduň kararyna şikaýat etjekdiklerini aýtdy.

6-njy aprelde Wasiliýewa we başga-da birnäçe adam Moskwadan 100 km uzaklykda ýerleşýän Pakrow şäherindäki 2-nji düzediş koloniýasynyň öňüne gelip, ol ýerde saklanýan Nawalnynyň saglyk ýagdaýy bilen bagly aladalaryň arasynda, oňa garaşsyz lukmanyň goýberilmegini talap edipdiler.

Nawalny bilindäki agyra, şeýle-de elleriniň we aýaklarynyň ysmaz bolup başlandygyna şikaýat edipdi. Nawalny resmileriň özüne degişli medisina hemaýatyny bermeýändigini aýtdy.

Türme wekilleri Nawalnynyň ýagdaýyna gözegçilik edýändiklerini aýdyp, onuň saglygyny “kanagatlanarly” diýip kesgitlediler.

Wasiliýewa we Nawalnynyň saklanan beýleki egindeşleriniň köpüsi ençeme sagatdan soň goýberildi. Emma 8-nji aprelde Petuşki etrap sudy Nawalnynyň saklanan ýaranlarynyň dördüsini düzediş edarasynyň öňünde bikanun ýagdaýda toplanmakda günäli tapyp, olary birnäçe gün türme tussaglygyna höküm etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG