Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ‘geljek hepde’ urany 60% derejede baýlaşdyryp başlajakdygyny aýdýar


Eýranyň Natanz desgasyndaky sentrifugalar
Eýranyň Natanz desgasyndaky sentrifugalar

Eýran geçen hepde Natanz ýadro desgasyna, Ysraýyl tarapyndan amala aşyrylandygyny aýdýan, hüjüme jogap edip, öňümizdäki hepde urany 60% derejede baýlaşdyryp başlajakdygyny aýtdy. Bu barada Eýranyň Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligindäki wekili 14-nji aprelde özüniň Twitter hasabynda ýazgy ýerleşdirdi.

Eýran özüniň ýadro programmasynyň çäginde urany 60% derejede entek baýlaşdyrmandy. Şol bir wagtda, bu onuň harby maksatlarda ulanar ýaly 90% derejesinden entek pesdir.

Tähran ýadro ýaragyny edinmek meýliniň ýokdugyny, ýadro programmasynyň raýat maksatlaryna gönükdirilendigini tekrarlaýar.

Mundan bir gün öň, Eýran urany iň ýokary derejede öndürip başlajakdygyny yglan edipdi.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bolsa, Tähranyň günortasyndaky amala aşyrylandygy aýdylýan hüjümiň “erbet humar oýny” bolandygyny aýdyp, munuň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyny dikeltmek boýunça geçirilýän gepleşiklerde Tährana goşmaça artykmaçlyk berjekdigini öňe sürdi.

Ylalaşyga laýyklykda, Eýran urany 3,67% çäginde saklamalydy. Tähran ylalaşygyň güýjüni ýitirendigini aýdyp, golaýda urany 20% möçberinde baýlaşdyryp başlady.

Ak Tam Tähranyň urany baýlaşdyrmak baradaky “prowokasion” beýanatlaryna garamazdan, Eýran bilen gepleşiklere ygrarly bolup galýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG