Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus KGB-si oppozisiýa partiýasynyň liderini, syýasy bilermeni saklady


Belarusyň Meşhur Fronty partiýasynyň başlygy Ryhor Kastusýou
Belarusyň Meşhur Fronty partiýasynyň başlygy Ryhor Kastusýou

Belarusyň Döwlet Howpsuzlyk boýunça Komiteti (KGB) oppozisiýadaky Belarusyň Meşhur Fronty partiýasynyň başlygy Ryhor Kastusýounyň we belli syýasy analitik Alýaksandr Fýadutanyň saklanandygyny tassyklady.

Bu dawaly prezidentlik saýlawlarynda diýdimzor Aleksandr Lukaşenkanyň ýeňiji diýlip yglan edilmeginden soňra, dissidentlere garşy alnyp barylýan basyş çäreleriniň soňkusy boldy.

KGB 13-nji aprelde beýanat ýaýardyp, iki adamyň aýdyňlaşdyrylmadyk aýyplamalar boýunça saklanandygyny aýtdy, şeýle-de goşmaça maglumatlaryň soň beýan ediljekdigini belledi.

XS
SM
MD
LG