Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

TOPH-yň owgan bölüminiň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky konsepsiýa gol çekildi


Bezeg suraty

Türkmen DIM-i Türkmenistan bilen Owganystanyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky howpsuzlyk konsepsiýasyna gol çekendigini habar berýär.

15-nji aprelde “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde geçirilen duşuşyga “Türkmengaz” döwlet konserninden M.Amanow, Owganystandaky türkmen Ilçisi H.Öwezow we Owganystanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary E.Ebad gatnaşyp,
TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky howpsuzlyk konsepsiýasyna gol çekildi.

Habarda bellenmegine görä, howpsuzlyk konsepsiýasy TOPH gaz geçiriji taslamasynyň öz wagtynda durmuşa geçirilmeginde möhüm ädim bolup durýar.

Taraplar TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada umumy pikir alyşdylar we şu ýylyň awgust aýynyň aýagynda planlaşdyrylýan çäreleriň maslahatyny etdiler.

Türkmenistanyň Galkynyş gaz ýatagyndan Owganystanyň üsti bilen Pakistana, Hindistana gaz eltmeli geçirijiniň gurluşyk işleri 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy.

Türkmen tarapy taslamanyň ýurduň içindäki böleginiň, 205 kilometr aralyga uzaýan geçirijiniň gurlandygyny aýdýar.

Geçirijiniň owgan we pakistan bölekleriniň gurluşygy howpsuzlyk we maliýe meseleleri bilen baglylykda süýrenjeňlige salynýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG