Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Çehiýa 2014-nji ýyldaky partlamany rus agentlerinden görüp, 18 rus diplomatyny kowýar


Premýer-ministr Andreý Babiş diplomatlaryň ýurtdan çykarylmagy baradaky kararyň "ikuçsyz subutnamalar" esasynda kabul edilendigini aýtdy.

Aňtaw gullugy rus harby agentlerini 2014-nji ýylda uly ok-däri ammarynda bolan partlama bilen baglanyşdyrandan soň, içaly bolmakda aýyplap, Çehiýa 18 rus diplomatynyň ýurtdan çykmagyny buýurdy.

Premýer-ministr Andreý Babiş 17-nji aprelde bu diplomatlaryň ýurtdan çykarylmagy baradaky kararyň Çehiýanyň aňtaw we howpsuzlyk gulluklaryndan alnan "ikuçsyz subutnamalar" esasynda kabul edilendigini, Russiýanyň harby aňtaw gullugynyň 29155 bölüminiň agzalarynyň Wrbetisedäki ok-ýarag ammarynda 2014-nji ýylda bolan partlama “dahyllydygyny görkezýän esasly şübheleriň" bardygyny aýtdy.

Gündogar Zlin sebitinde, Çehiýa-Slowakiýa serhediniň golaýynda bolan partlamada iki adam öldi. Içeri işler ministri Ýan Hamaçek aňtaw gullugynyň işgärleri diýlip kesgitlenen diplomatlara 48 sagadyň dowamynda Çehiýany terk etmegiň buýrulandygyny aýtdy.

Çeh polisiýasy şol gün dürli pasportlary bolan we rus agentleri bolmakda güman edilýän iki adamy, şol sanda Aleksandr Petrow we Ruslan Başirow atly adamlary gözleýändigini habar berdi.

Bu atlar 2018-nji ýylda Angliýanyň Salisberi şäherinde Russiýanyň ozalky aňtaw agenti Sergeý Skripalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň zäherlenmeginde güman edilýän adamlaryň atlaryna gabat gelýär.

Skripallaryň ikisi-de sowet döwrüniň gadagan edilen nerw agenti Nowiçok arkaly edilen hüjümden aman galdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG