Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka özüniň kast ediş dildüwüşiginiň nyşanasy bolandygyny aýdýar


Belarus. Döwlet telewideniýesiniň Aleksandr Lukaşenka garşy agdarlyşyk we kast etmek synanyşygy diýilýän baradaky gepleşigi.
Belarus. Döwlet telewideniýesiniň Aleksandr Lukaşenka garşy agdarlyşyk we kast etmek synanyşygy diýilýän baradaky gepleşigi.

Belarus lideri Aleksandr Lukaşenka özüniň ABŞ tarapyndan goldanýan kast ediş dildüwüşiginiň nyşanasy bolandygyny öňe sürdi, rus aňtaw gullugy bolsa şu hepde Moskwada tussag edilen iki belaruslynyň bu niýet bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

Lukaşenka 17-nji aprelde aýdan sözlerindäki aýyplamalary tassyklaýan subutnama getirmedi.

ABŞ resmileri bu aýdylýanlara bada-bat jogap bermedi. Emma Belarusyň esasy howpsuzlyk gullugy bolan KGB bu aýdylýan dildüwüşigi geçen tomus belarus bilermenleriniň we birnäçe ozalky hukuk goraýjy işgäriň gatnaşmagynda gurnalan we onlaýnda ýurduň syýasy ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşan Zoom diskussiýa otagyna baglady.

Belarusda otuz ýyla golaý höküm süren Lukaşenka awgust aýynda geçirilen prezident saýlawynda ýeňiş gazanandygyny yglan edeninden soň, Günbatar ýurtlaryny ýygy-ýygydan özüni agdarmak synanyşygynda aýyplap başlady.

Kast etmek dildüwşügi baradaky aýyplamalar Orsýetiň gündogar Ukraina bilen serhedine goşun toplan we Kiýewiň harby interwensiýanyň ähtimallygyny duýduran wagtyna, goňşy Ukrainada dartgynlylygyň güýçlenen pursatyna gabat geldi.

Orsýet Belarusyň iň ýakyn ýarany we Moskwa Minskini köp ýyl bäri has berk bileleşige çekmäge çalyşýar.

Emma Lukaşenka Belarusyň garaşsyzlygynyň we öz hökmürowanlygynyň ýitirilmeginden gorkup, bu bileleşige garşy durdy.

Lukaşenka 17-nji aprelde döwlet telewideniýesinde berlen çykyşynda bu diýilýän kast ediş dildüwşüginiň özüni we çagalaryny nyşana alandygyny aýtdy. Ol munuň Birleşen Ştatlaryň "ýokary syýasy ýolbaşçylary" tarapyndan tassyklanandygyny aýtdy, emma öz aýdan sözlerini tassyklaýan subutnama getirmedi.

XS
SM
MD
LG