Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýada COVID-19 ýokuşanlaryň sany 1,600,341, ölenleriň sany 28,396 boldy


çagasyny synagdan geçirýän ene.
çagasyny synagdan geçirýän ene.

Çehiýada koronawirus ýokuşanlaryň sany, resmi maglumata görä, 18-nji aprelde 1,600,341 bolsa, ölenleriň sany 28,396 boldy.

Ýurtda 2,423,00 töweregi adama sanjym berildi, 847,000 adam iki doza waksina aldy.

Adatdan daşary ýagdaý 12-nji aprelde soňlanan hem bolsa, käbir çäklendirmeler saklanyldy. Bäşinji klasa çenli çagalara hepdede iki gezek synagdan geçip, maska geýip, mekdebe gezekli görnüşde gaýdyp barmaga rugsat berilýär.

Gijeki komendant sagady ýatyryldy we indi adamlara ýurt içinde erkin syýahat etmäge rugsat berilýär.

Çaga eşiklerini we aýakgaplaryny satýan dükanlary, daşardaky daýhan bazarlaryny, haýwanat baglaryny we botanika baglaryny açmaga rugsat berildi.

Adamlar daşarda diňe jübüt bolup hereket edip bilerler; bir öýde ýaşaýan adamlar daşarda has köp bolup hem gezip biler. Toý ýa-da ýas çäresine indi iň köp bolanda 15 adam gatnaşyp biler.

XS
SM
MD
LG