Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukraina, Fransiýa, Germaniýa we Russiýa liderleriň sammitini maslahat edýär


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron (çepde) Pariždäki Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskini bilen duşuşygynda, 16-njy aprel, 2021.

Ukrainanyň, Russiýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň ýolbaşçylarynyň ýokary derejeli geňeşçileri 19-njy aprelde duşuşyp, Ukrainanyň gündogaryndaky dartgynlygy gowşatmaga gönükdirilen sammitiň tertibini kesgitlärler.

Geňeş derejesinde geçirilen gepleşikler geçen hepde Ukrainanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleriniň Russiýany Ukraina bilen serhediniň golaýynda we basyp alnan Krymda goşun sanyny artdyrmagy bes etmäge eden çagyryşynyň yzýanyna gabat gelýär.

Geçen tomusda Ukrainanyň gündogarynda hökümet güýçleri bilen Russiýa tarapyndan goldanýan separatistleriň arasynda baglaşylan gowşak ýaraşyk ylalaşygy soňky hepdelerde bozuldy we ýylyň başyndan bäri azyndan 30 ukrain esgeri öldürildi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý, Normandiýa formaty diýlip atlandyrylýan Ukrainanyň, Russiýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleriniň gatnaşmagyndaky dört taraplaýyn gepleşik isleýändigini aýtdy.

Fransiýa we Germaniýa 2015-nji ýyldan bäri Ukraina konfliktinde araçy bolup gelýärler.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen bolup biläýjek sammite taýýarlyk görmek üçin Zelenskiý 16-njy aprelde Parižde fransuz kärdeşi Emmanuel Makron bilen duşuşdy, soňra olaryň ikisine Germaniýanyň kansleri Angela Merkel wideo arkaly goşuldy.

Syýasy geňeşçiler ýygnagynyň maksady, gündogar Ukrainada konfliktiň syýasy çözgüdi maksatly ok atyşlygy uzakmöhletleýin togtamak boýunça Minsk şertnamasynyň durmuşa geçirilmegini dikeltmek diýip, Zelenskiý Parižde bolan wagtynda aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG