Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen migrantlary Berdimuhamedowyň özbek kärdeşiniň mysalynda raýatlaryna hemaýat bermegini isleýärler


Russiýadaky zähmet migrantlary (arhiw suraty)

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň ýaýradan maglumatlaryna görä, golaýda Özbegistanyň hökümeti daşary ýurtlarda ýaşamaga puly bolmadyk raýatlara kömek etmek barasynda karar kabul etdi. Ony Ministrler Kabineti 12-nji aprelde makullady.

Şol kararyň “daşary ýurtda ýaşamaga serişdeleri bolmadyk Özbegistanyň raýatlaryna maddy kömek etmek baradaky” düzgünine görä, daşary ýurda wagtlaýynça giden raýat maliýe kömegi üçin diplomatiýa wekilçiligine ýüz tutup biler.

Azatlyk Radiosy bu karar barasynda daşary ýurtlarda ýaşaýan we işleýän käbir türkmen raýatlarynyň pikirlerini sorap, söhbetdeş boldy.

Türkiýede ýaşaýan we işleýän, adynyň efirde “Diriliş Türkmen” diýlip üýtgedilip tutulmagyny soran türkmenistanlynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, özbek hökümetiniň karary ýurduň daşyndaky raýatlar üçin uly kömek we “hakimiýetleriň öz halkyna uly sarpa goýýandygynyň”alamaty.

“Bu daşary ýurtlardaky özbekler üçin iň gowy kömek, goldaw. Olar ýurt daşynda galsalaram öz ýurdundan gelýän pul kömekleri olaryň hal- ýagdaýyny gowulandyrmaga, çet ýurtlarda rahat işlemegine, okamagyna güýç-kuwwat berýär. Bu Özbegistanyň prezidentiniň öz halkyna hormatynyň, sarpasynyň bardygynyň, öz halkyny goraýandygynyň alamaty bolup durýar” diýip ol aýdýar.

Şeýle-de zähmet migranty bu kömegiň häzirki koronawirus pandemiýasy sebäpli agyr ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe örän zerurdygyny, geljege umytdygyny belleýär.

Stambulda tikinçi bolup işleýän we adynyň tutulmagyny islemedik türkmenistanly zenanyň pikiriçe, özbek hökümetiniň çet ýurtlarda kyn ýagdaýda galan raýatlaryna maddy ýardam etmek baradaky karary öwgä mynasyp.

Başga bir türkmen raýaty we Türkiýede işleýän Serdar (ady üýtgedilen - red.) bolsa, hut şeýle kömege daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň hem garaşýandygyny nygtady.

“Biziň goňşymyz Özbegistanyň prezidenti koronawirus pandemiýasy wagtynda öz halkyna karz pul bermek, işsiz halkyna kömek etmek barada karara gol goýupdyr. Eýse, näme üçin Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle işleri etmeýär. Näme üçin ol koronawirus pandemiýasy döwründe öz halkyna kömek bermeýär. Biz halk bolup, Gurbanguly Berdimuhamedowa seslenýäris, bize hem kömek etmegini talap edýäris ” diýip, zähmet migranty Serdar Azatlyk Radiosy bilen söbetdeşliginde belledi.

Emma türkmen häkimiýetleriniň çet ýurtlarda işleýän ýa-da koronawirus sebäpli daşarda galan raýatlaryna haýsyda bir maddy kömek etjekdigi barasynda henize çenli resmi media maglumat bermedi.

Ýogsam bolmasa, Türkiýede on müňlerçe türkmenistanly zähmet migranty bar we olaryň aglabasy koronawirus sebäpli işsiz galandygyny Azatlyk Radiosyna aýdýarlar.

Türkiýäniň Göç edarasynyň geçen ýylyň iýulynda çap eden maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda bu ýurda göçüp gelen daşary ýurtlylaryň iň köp ikinji toparyny, 13,8 göterimini türkmenistanly migrantlar düzýär.

2020-nji ýylda Türkiýede ýaşaýyş rugsadyny alan daşary ýurt raýatlarynyň arasynda türkmenistanlylar yraklylardan we siriýalylardan soňra üçünji orny eýeledi.

Türk mediasynyň resmi maglumatlara salgylanyp ýazmagyna görä, 2020-nji ýylyň dowamynda 87 müň 200 türkmenistanly Türkiýeden ýaşaýyş rugsadyny aldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG