Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý Putini Ukrainanyň gündogarynda gepleşik geçirmäge çagyrdy


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý rus kärdeşi Wladimir Putini gündogar Ukrainada duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky dartgynlylyklary gowşatmak boýunça gepleşikleri geçirmäge çagyrdy.

“Men ol sebite her aý barýaryn. Jenap Putin: Men has hem ileri gitmäge we sizi Ukrainanyň Donbasynyň islendik ýerinde duşuşmaga çagyrmaga taýýar” diýip, Zelenksiý 20-nji aprelde prezidentiň websaýtynda ýerleşdirilen wideoda çykyş etdi. Bu Russiýanyň Ukrainanyň serhetlerinde we okupirlenen Krymda harbylarynyň sanyny artdyrýan wagtyna gabat geldi.

Bu çykyşa rus resmilerinden bada-bat jogap bolmady.

Birleşen Ştatlar we NATO rus harbylaryň sanynyň 2014-nji ýyldan bäri iň uly depginde artydyrylýandygyny aýdýar. 2014-nji ýylda Moskwa bikanun ýagdaýda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alypdy, şeýle-de ýurduň gündogaryndaky Donetsk we Luhansk regionlarynda separatistleri goldap başlapdy. Bu konfliktde 13 müňden hem aşa adam öldürildi.

Kreml harbylarynyň hereketiniň howp abandyrýandygy baradaky aýyplamalary ret edýär we munuň özygtyýarlylyk meselelerine degişlidigini aýdýar.

Ukrainanyň gündogarynda ok atyşyklary togtatmak barada geçen tomusda gelnen ylalaşyk hem soňky hepdeleriň dowamynda gowşap başlady. Ýylyň başyndan bäri konflikt sebitinde azyndan 30 ukrain esgeri öldürildi.

20-nji aprelde Ukrainanyň daşary işler ministri Moskwa garşy ykdysady sanksiýalaryň täze tapgyryny girizmäge çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG