Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Günbatar bilen dartgynlylyklaryň arasynda, Putin “prowokasiýalara” garşy duýduryş berdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özüniň ýyllyk 17-nji halka ýüzlenmesinde daşarky prowokasiýalar diýip atlandyran wehimlere garşy haýbat atdy, şeýle-de, Günbatar bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlylyklaryň arasynda, berk we tiz görnüşde jogap çäresini görjekdigini söz berdi.

Putiniň 21-nji apreldäki çykyşy tussaglykdaky oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň tarapdarlarynyň Kremliň tankytçysyna garaşsyz saglyk hemaýatynyň berilmegini talap edip geçirýän protestlerinden birnäçe sagat öň geçdi.

Galyberse-de, bu çykyş 19-njy sentýabrda döwlet Dumasyna geçjek saýlawlara görülýän taýýarlyklaryň, şeýle-de ýurtdaky dowam edýän ykdysady we jemgyýetçilik görkezijileriň pese gaçmagynyň arasynda geçdi.

Putiniň çykyşy Moskwanyň ABŞ we Ýewropa Bileleşigi bilen dartgynlylyklaryň ýitileşýän, Ukrainanyň gündogaryndaky konfliktiň ýaýbaňlanýan we goňşy Belarusda awgustdaky dawaly prezidentlik saýlawlaryndan soň dörän tolgunşyklaryň döwrüne gabat geldi.

Putin Moskwanyň beýleki döwletler bilen gowy gatnaşyklary isleýändigini aýtsa-da, hiç bir daşary ýurt döwletiniň, öňünden pikir etmän, Russiýanyň “gyzyl çyzygyny” geçmeli däldigi barada duýduryş berdi.

“Biziň howpsuzlygymyza howp abandyryp biljek prowokasiýalary amal etmek isleýänler bu barada öň görlüp-eşidilmedik derejede ökünerler” diýip, Putin belledi.

Putiniň çykyşyndan bir gün öň, ABŞ-nyň Moskwadaky ilçisi Jon Sulliwan konsultasiýalar üçin Birleşen Ştatlara dolanjakdygyny mälim etdi. Bu Waşingtonyň Russia garşy Birleşen Ştatlara garşy amal edilendigi aýdylýan kiber hüjümlere, şeýle-de 2016-njy we 2020-nji ýyllardaky prezidentlik saýlawlaryna gatyşandygy üçin sanksiýalary girizmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Mundan başga-da, Russiýa Ukraina bilen serhediniň we Ukrainanyň basylyp alnan Krym ýarymadasynda harbylarynyň sanyny artdyryp başlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG