Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baýdeniň ermeni gyrgynçylygyny ‘genosid’ hökmünde ykrar etmegine garaşylýar – habarlar


Ýerewanda ermeni gyrgynçylygynyň pidalaryna bagyşlanan ýadyrgärlik

Prezident Jo Baýden Birinji jahan urşunda ermenileriň osman imperiýasy tarapyndan gyrylmagyny genosid hökmünde ykrar etmegi mümkin diýip, 21-nji aprelde media maglumatlarynda aýdyldy. Gyrgynçylygyň genosid atlandyrylmagy boýunça 100-den gowrak ABŞ kanun çykaryjysy çagyryş edýär.

Baýdeniň ýeňiş gazanan noýabr prezidentlik saýlawlarynda wada beren bu ykrarnamasy esasan simwoliki ähmiýete eýe bolar, ýöne gyrgynçylygyň genosid atlandyrylmagynyň Türkiýäni gaharlandyrmagy mümkin. Bu bolsa iki NATO ýaranynyň arasyndaky onsuz hem dartgynly gatnaşyklary has-da möwjedip biler.

Dünýäniň dürli künjeklerinde her ýyl 24-nji aprelde geçirilýän Ermenileriň Genosidi ýatlama güni mynasybetli etjek çykyşynda Baýdeniň “genosid” sözüni ulanmagyna garaşylýar diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeler Reuters we The New York Times neşirlerine aýtdy

Muňa garamazdan, çeşmeler Türkiýe bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetini nazarda tutup, Baýdeniň iň soňky pursatda “genosid” sözüni ulanmazlygy saýlap almagynyň mümkindigini duýdurdylar.

Bu habarlar 21-nji aprelde Wekiller öýünde 100-den gowrak agzanyň Baýdeni ermenileriň sistematik görnüşde öldürilmegini we deportasiýa edilmegini resmi taýdan genosid hökmünde ykrar edýän ilkinji ABŞ prezidenti bolmaga eden çagyryşlarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG