Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bäherdeniň etegindäki Şähryslam orta asyr şäher-galasy

Aşgabadyň 120 kilometr günbatarynda ýerleşýän gadymy Şähryslam şäher-galasynda 2020-nji ýylyň awgustyndan bäri taryhy ýadygärligi gorap saklamak we rejelemek boýunça arheologiýa işleri işjeň alnyp barylýar.

Bu taslama ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyna hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine berýän goldawy bilen maliýeleşdirilýär. “Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy” bu taslama üçin 200 müň dollar töweregi maliýe serişdesini bölüp berdi. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Klimow 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda iki edaranyň wekillerine bu granty gowşurdy.

Taslamanyň çäklerinde gadymy Şähryslam şäher-galasynda ulanylan köp asyrlyk ýerasty suw howdanlarynda dikeldiş we rejeleýiş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Gadymy Şähryslam häzirki Bäherden şäheriniň 20 kilometr demirgazygynda ýerleşipdir. Şäher IX asyrda döräp, XV asyra çenli ösüpdir we Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen möhüm şäherleriň biri bolupdyr. Bu şäher-galasynda ilkinji ylmy-arheologiýa barlaglary geçen asyryň 30-njy ýyllarynda geçirilipdir.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy arheologiýa işleriniň geçirilýän ýerlerine baryp gördi.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG